HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara bilermenler Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işgärlerine onlaýn okuwlary geçýärler

Fewral 19, 2024 | 10:47 |2434
Halkara bilermenler Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işgärlerine onlaýn okuwlary geçýärler. Okuwlar “Türkmen Logistika” assosiasiýasynyň, “CILT Central Asia-nyň” we “USAID TCA-nyň”  bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guralýar.Halkara bilermenler Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işgärlerine onlaýn okuwlary geçýärler. Okuwlar “Türkmen Logistika” assosiasiýasynyň, “CILT Central Asia-nyň” we “USAID TCA-nyň”  bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guralýar.
Çeşme: tmrl.gov.tm

Halkara bilermenler Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işgärlerine onlaýn okuwlary geçýärler. Okuwlar “Türkmen Logistika” assosiasiýasynyň, “CILT Central Asia-nyň” we “USAID TCA-nyň” bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guralýar. Bu barada Türkmenbaşy Halkara deňiz porty habar berýär.

12-nji marta çenli dowam etjek onlaýn okuwlaryň çäklerinde ilkinji bolup deňiz daşamalary boýunça halkara bilermen Kiril Samaraý çykyş etdi. Ol deňiz logistikasynda häzirki zaman portlarynyň işine täsirini ýetirýän ählumumy ýörelgeler, deňizdäki hereketleri dolandyrmak, şol sanda dolandyryşyň ähmiýeti we tutýan orny, onuň netijeliligini artdyrmak, ýük amallaryny we daşamalaryny utgaşdyrmak, ýük akymlarynyň işini sazlaşdyrmak, ýakyn ýyllarda deňiz logistikasyny düýpli özgerdip biljek innowasion tehnologiýalar barada bilimleri paýlaşdy.

Samaraý şeýle hem portuň işgärlerine üstünligiň we ýolbaşçylyk etmegiň strategiýalary, öwrenilen bilimleri netijeli ulanmak barada gyzykly zatlary gürrüň berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026