HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň işgärleri üçin onlaýn okuw sapaklary geçirilýär

Fewral 17, 2024 | 19:10 |6418
“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň arasynda baglaşylan bilelikdäki Meýilnamanyň çäklerinde, CILT Merkezi Aziýa birleşmesi bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) Merkezi Aziýa boýunça söwda maksatnamasynyň goldawy bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň işgärleri üçin halkara hünärmenleriniň gatnaşmagynda onlaýn okuwlary guraýarlar.“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň arasynda baglaşylan bilelikdäki Meýilnamanyň çäklerinde, CILT Merkezi Aziýa birleşmesi bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) Merkezi Aziýa boýunça söwda maksatnamasynyň goldawy bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň işgärleri üçin halkara hünärmenleriniň gatnaşmagynda onlaýn okuwlary guraýarlar.
Çeşme: 3ds.com

“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň arasynda baglaşylan bilelikdäki Meýilnamanyň çäklerinde, CILT Merkezi Aziýa birleşmesi bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) Merkezi Aziýa boýunça söwda maksatnamasynyň goldawy bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň işgärleri üçin halkara hünärmenleriniň gatnaşmagynda onlaýn okuwlary guraýarlar.

16-njy fewralda geçirilen ilkinji okuw sapagy «Deňiz dolandyrylyşy we ýolbaşçylyk: ýük daşamakda gymmatlylyk döretmek» ady bilen geçirildi. Bu barada assosiasiýanyň web-saýtynda habar berilýär.

Okuwyň dowamynda bilermen gatnaşyjylara häzirki zaman portlarynyň işine iň uly täsir edýän deňiz logistikasynyň global tendensiýalary, deňiz dolandyryşy barada peýdaly bilimleri paýlaşdy, ýagny, port dolandyryşynyň wezipesi we orny, amallary optimizirlemek we netijeliligi ýokarlandyrmak, deňiz ýüklerini birleşdirmegiň üpjünçilik zynjyryndaky amallary, deňiz ýük akymlaryny dolandyrmak we optimizasiýalaşdyrmak, ýakyn ýyllarda deňiz logistikasyny düýpgöter üýtgedip biljek innowasion tehnologiýalary barada umumy maglumatlary gürrüň berdi. Portlaryň durnukly ösüşini amala aşyrmakda haýsy häsiýetleriň we ýolbaşçylyk strategiýalarynyň has täsirli bolandygyny düşündirdi, mysal hökmünde dünýäniň beýleki iri portlarynyň tejribesinden hakyky wakalara we ýagdaýlara salgylandy.

Indiki okuw sapagy 12-nji martda guralyp, onda deňiz arkaly ýükleri ibermegiň dolanyşygynyň esaslaryna we ony kämilleşdirmegiň ýörelgelerine üns berler.

Okuw sapaklarynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Logistika we ulag boýunça Patyşalyk institutynyň halkara derejeli şahadatnamalary gowşurylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026