HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti II Açyk halkara informatika olimpiadasyna çagyrýar

Fewral 20, 2024 | 12:07 |13844
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2024-nji ýylyň 15-20-nji aprelinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasyny (OIOIUS-2024) hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahatyny we sergisini geçirýär. Talyp ýaşlary Halkara olimpiada we ylmy-amaly maslahata hem-de sergä gatnaşmaga çagyrýarys.Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2024-nji ýylyň 15-20-nji aprelinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasyny (OIOIUS-2024) hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahatyny we sergisini geçirýär. Talyp ýaşlary Halkara olimpiada we ylmy-amaly maslahata hem-de sergä gatnaşmaga çagyrýarys.
Çeşme: iogu.edu.tm

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2024-nji ýylyň 15-20-nji aprelinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasyny (OIOIUS-2024) hem-de olimpiada gatnaşýan talyp ýaşlaryň arasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini geçirýär.

Bu halkara çäreler dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli tejribe alyşmaga ýardam berer.

Olimpiada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilýär.

Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis.

Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde iki tapgyrda geçiriler.

Olimpiada islendik hünärde we ugurda hünärmen, bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça okaýan talyplar gatnaşyp biler.

Olimpiada her ýokary okuw mekdebinden gatnaşýan talyplaryň sany 5-den geçmeli däl.

Ýörite işlenilip düzülen milli programma üpjünçiligi arkaly talyplaryň toplan ballaryň jemi boýunça olimpiadanyň şahsy ýeňijileri kesgitlenilýär.

Olimpiada degişli goşmaça maglumatlar we bildirişler uniwersitetiň https://iogu.edu.tm/faculties/48 web sahypasynyň ýörite bölüminde ýerleşdiriler.

Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň sanawyny nusga laýyklykda taýýarlap 2024-nji ýylyň 31-nji martyna çenli hngu.olimp@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly. Olimpiada gatnaşýan ýokary okuw mekdebiniň topar ýolbaşçysy bäsleşige programma düzüp çözülýän 3 meseläni hödürläp biler. Hödürlenýän meseleler anyk çözüwi bilen guramaçylyk toparyna 2024-nji ýylyň 1-nji apreline çenli ugradylmaly. Daşary ýurtdan gelýän gatnaşyjylaryň wizalaryny we Türkmenistana gelmek üçin beýleki resminamalaryny resmileşdirmek üçin zerur bolan maglumatlaryň we resminamalaryň sanawy gatnaşyjylaryň elektron salgylaryna ugradylar.

Habarlaşmak üçin:
Tel.: +993 12 39 13 36, +993 65 67 51 31, +993 12 39 14 57, +993 65 62 59 33, +993 12 39 13 18, +993 64 02 25 21
E-mail: hngu.olimp@gmail.com

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026