HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Türkmen Logistika" assosiasiýasynyň guran webinarynda Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Fewral 17, 2024 | 17:07 |7822
"Türkmen Logistika" assosiasiýasy Transýewraziýa ýük daşamalary boýunça Halkara utgaşdyryjy geňeşi (TÝHUG) bilen bilelikde "Ýewraziýa multimodal ýük daşamalarynyň ösüşiniň täze maksatlary" atly webinary geçirdiler."Türkmen Logistika" assosiasiýasy Transýewraziýa ýük daşamalary boýunça Halkara utgaşdyryjy geňeşi (TÝHUG) bilen bilelikde "Ýewraziýa multimodal ýük daşamalarynyň ösüşiniň täze maksatlary" atly webinary geçirdiler.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

"Türkmen Logistika" assosiasiýasy Transýewraziýa ýük daşamalary boýunça Halkara utgaşdyryjy geňeşi (TÝHUG) bilen bilelikde "Ýewraziýa multimodal ýük daşamalarynyň ösüşiniň täze maksatlary" atly webinary geçirdiler.

Çärä köp sanly taraplar — ýokary derejeli işgärler we ulag kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr menejerleri gatnaşdylar. TÝHUG-a gatnaşmak üçin 25 döwlet edarasyndan we Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Koreýa Respublikasynyň, Germaniýanyň we Mongoliýanyň hususy ulag düzümlerinden 60 wekil çagyryldy.

"Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hünärmenleri, şeýle hem ulag-logistika kompaniýalarynyň, "Türkmen Logistika" assosiasiýasynyň agzalary Türkmenistanyň adyndan halkara çärä wekilçilik etdiler.

Birinji mejlisiň dowamynda Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlygy departamentiniň müdiri Alekseý Sapetko we "Russiýanyň demir ýollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ulag hyzmat merkeziniň başlygynyň birinji orunbasary Aleksandr Hatýanow gatnaşyjylary Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň häzirki ýagdaýy hem-de Eýranyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçýän ugurlar boýunça ýük daşamagyň geljegi bilen çärä gatnaşyjylary tanyşdyrdylar.

"Täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça haryt daşamagyň hasabyna bize çykdajylary we üstaşyr wagty azaltmak başartdy. Serhet geçelgelerinde ýük daşamak tehnologiýasyny optimizirlemek we elektron bellikleri girizmek boýunça uly ätiýaçlyklar galýar" — diýip, Hatýanow belledi.

TÝHUG bilen «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamagy ösdürmek we halkara ulag hyzmatlary bazarynda logistika hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça çäreleri bilelikde alyp barmagyň ähmiýeti bellendi.

Ikinji mejlis Türkmenbaşy halkara deňiz portuna bagyşlandy. Bu ýerde portuň başlygy Seýitguly Baýseýidow çykyş edip, onuň mümkinçilikleri we Ýewraziýanyň üstünden uzaýan ulag ýollarynyň halkalaryndaky möhüm ähmiýetini giňişleýin düşündirdi.

"Türkmenbaşy Halkara deňiz porty — Transýewraziýa ulag ýollarynyň möhüm merkezidir. Şeýlelikde, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň konteýner terminalynyň ýyllyk geçirijilik kuwwaty 400 müň TEU barabardyr" diýip, Seýitguly Baýseýidow belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026