HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hazar deňzindäki Türkmenbaşy we Amirabad portlarynyň arasynda şertnama baglaşmaga taýýarlyk görülýär

Fewral 17, 2024 | 17:01 |6810
"Eýranyň deňiz ykdysadyýeti" forumyna gatnaşmagyň çäklerinde "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň wekilleri Hazar deňzindäki Amirabad portuna we ýörite ykdysady zolagyna iş saparyny amala aşyrdylar."Eýranyň deňiz ykdysadyýeti" forumyna gatnaşmagyň çäklerinde "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň wekilleri Hazar deňzindäki Amirabad portuna we ýörite ykdysady zolagyna iş saparyny amala aşyrdylar.
Çeşme: orient.tm

"Eýranyň deňiz ykdysadyýeti" forumyna gatnaşmagyň çäklerinde "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň wekilleri Hazar deňzindäki Amirabad portuna we ýörite ykdysady zolagyna iş saparyny amala aşyrdylar.

Bu ýerde olar eýranly kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirdiler hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hödürleýän hyzmatlary we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Bu barada agentligiň web-saýtynda habar berilýär.

Gepleşikleriň barşynda Amirabad Türkmenbaşy-Amirabad ugry boýunça gämi gatnawlaryny gaýtadan dikeltmek meseleleri maslahatlaşyldy. Iki deňiz portunyň arasynda fider gatnawlarynyň ýola goýulmagy portlaryň halkara ulag geçelgerlinde deňiz söwdasynda eýeleýän orunlaryny has-da pugtalandyrar. Şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Amirabat ýörite ykdysady zolagynyň arasynda baglaşyljak ylalaşygy taýýarlamak meselelerine hem deglip geçildi.

Hazar deňzinde amala aşyrylýan ähli deňiz söwdasynyň 59 göterimi Amirabad portuna degişlidir. Portuň baş direktory Mohammad Ali Musapuryň mälim etmegine görä, hususy taraplaryň bunker we ýapyk ammarlaryny gurmaga gönükdiren maýa goýumlarynyň, şeýle hem Amirabat portunyň Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesiniň ugrunda amatly ýerde ýerleşmegi netijesinde import edilýän harytlaryň möçberi düýpli ýokarlandy.

Eýran kalendary boýunça ýylyň ahyrynda (şu ýylyň 20-nji marty) bu deňiz portunyň ýükleri kabul etmek we ibermek boýunça rekord görezijini gazanmagyna garaşylýar.

Eýran neşirleriniň mälim etmegine görä, eýran we Mahaçkala deňiz portlarynyň arasynda ýaşyl gümrük zolagy döredilendinden soň, Amirbaddan iberilýän harytlaryň möçberiniň artmagyna garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

21:00 Awgust 06, 2026
BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

19:00 Awgust 06, 2026