HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tretýakowsk galareýasynda türkmen suratkeşleriniň sergisini guramak meýilleşdirilýär

Fewral 17, 2024 | 11:44 |6516
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Tretýakowsk galareýasynyň direktory Ýelena Proniçýewa bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Tretýakowsk galareýasynyň direktory Ýelena Proniçýewa bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Tretýakowsk galareýasynyň direktory Ýelena Proniçýewa bilen duşuşdy. Duşuşykda türkmen-rus medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi, şeýle hem 2026-njy ýylda Tretýakowsk galareýasynyň sergi merkezinde türkmen suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň sergisini guramak mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklap, medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Tretýakowsk galareýasynyň we Türkmenistanyň degişli edaralarynyň arasynda geňeşmeleri guramak teklibi beýan edildi.

Türkmen diplomaty şeýle hem "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" şygary astynda geçýän şu ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemek bilen bagly geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada gürrüň berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026