HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ermenistanyň Suratkeşler birleşigi türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär

Fewral 17, 2024 | 11:53 |7670
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Suren Safarýan bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Suren Safarýan bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Suren Safarýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki dostlukly döwletleriň sungat eserlerini ýaýbaňlandyrmak, sergileri geçirmek, dürli çeper çäreler guramak meseleleriniň üstünde durup geçdiler.

Ilçi M.Aýazow Ermenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Martiros Sarýan adyndaky sergiler zalynda Türkmenistanda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegine we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp serginiň üstünlikli geçendigi üçin S.Safarýana minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Taraplar sungat pudagynda, hususan-da sungat boýunça umumy sapaklary, okuwlary geçirmekde özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek babatynda ylalaşdylar. Ilçi M.Aýazow bolsa öz gezeginde öňde goýlan meýilnamalary durmuşa geçirmekde ilçihananyň degişli ýardamlary berjekdigini nygtady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026