Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan GDA gatnaşyjy döwletleriň ulag boýunça utgaşdyryjy maslahatyna gatnaşdy

Fewral 17, 2024 | 11:39 |4997
"Türkmendemirýollary" agentliginiň wekilleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň ulag boýunça 43-nji utgaşdyryjy iş maslahatyna gatnaşdy."Türkmendemirýollary" agentliginiň wekilleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň ulag boýunça 43-nji utgaşdyryjy iş maslahatyna gatnaşdy.
Çeşme: e-cis.info

"Türkmendemirýollary" agentliginiň wekilleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň ulag boýunça 43-nji utgaşdyryjy iş maslahatyna gatnaşdy. Russiýanyň Ulag uniwersitetinde geçirilen maslahatda guramaçylyk boýunça dürli meselelere garaldy. Bu barada Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda gurluşyň başlygynyň orunbasaryny we ýerine ýetiriji komitetini saýlamak kararyna gelindi. Mundan başga-da, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, ulag toplumyny sanlylaşdyrmak esasda özgertmek, ulag toplumynyň ylym we bilim giňişligini giňeltmek hem-de beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematowyň bellemegine görä, käbir kynçylyklara garamazdan, utgaşdyryjy iş maslahatynyň hereketleri netijesinde we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde degişli pudaklarda döwletara gatnaşyklaryny saklamak, ulag pudagyndaky işleri utgaşdyrmak we täsirli özara gatnaşyklary amala aşyrmak üçin yzygiderli utgaşdyrylan syýasaty alyp barmak mümkin boldy.

Duşuşyga Türkmenistanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň wekilleri, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti, Ýewraziýa ykdysady geňeşi, Ýolçularyň hökümetara geňeşi, GDA gatnaşyjy döwletleriň Demir ýol ulaglary boýunça geňeşi, Döwletara awiasiýa komiteti, Russiýanyň Ulag ulag uniwersiteti, kärdeşler arkalaşyklary we işewürler gatnaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026