HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

USAID Türkmenistanyň raýat jemgyýetinde sanly innowasiýalary ilerledýär

Fewral 16, 2024 | 18:41 |6695
16-njy fewral, 2024-nji ýyl, Aşgabat, Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň we 15 sany jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky dördünji raýat forumyny geçirdi. Bu forum Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny we Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler baradaky çärelere bagyşlandy.16-njy fewral, 2024-nji ýyl, Aşgabat, Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň we 15 sany jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky dördünji raýat forumyny geçirdi. Bu forum Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny we Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler baradaky çärelere bagyşlandy.
Çeşme: ABŞ-nyň ilçihanasy Aşgabat

16-njy fewral, 2024-nji ýyl, Aşgabat, Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň we 15 sany jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky dördünji raýat forumyny geçirdi. Bu forum Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny we Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler baradaky çärelere bagyşlandy.

2.jpg

Häzirki zaman çalt özgerýän dünýäde sanlylaşdyrmak öndürijiligi, çeýeligi we durnuklylygy ýokarlandyrmak bilen her bir üstünlikli guramanyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu düzüm böleginiň uly ähmiýetine göz ýetirip, USAID Türkmenistanyň raýat jemgyýetini innowasion sanly ukyp-başarnyklar bilen üpjün etmekligi özüne maksat edindi. Forum raýat pudagynda özara sanly gatnaşyklaryň strategiýalaryny, şol sanda sanly ulgamda raýat jemgyýetini özgertmekligiň faktorlaryny we mümkinçiliklerini, sanlylaşdyrmak pudagynda milli hukuk binýadyny, şeýle-de durmuş üpjünçiliginde, saglygy goraýyşda we bilimde sanly tehnologiýalaryň peýdalaryny ara alyp maslahatlaşmaklyga bagyşlandy.

3.jpg

USAID Türkmenistanyň Hökümetiniň hemmetaraplaýyn sanly ykdysady ösüş strategiýasyny goldaýar. Döwlet edaralary bilen raýat ulgamynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak arkaly USAID raýatlaryň hukuk we sanly ulgam boýunça sowatlylygyny ýokarlandyrýar we olaryň jemgyýeti ilerletmekdäki orunlaryny has-da güýçlendirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026