HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BAE dünýäniň emeli intellekt synaglarynyň geçirilýän merkezi bolmaga taýýar

Fewral 16, 2024 | 14:24 |8449
Birleşen Arap Emirlikleri emeli intellekt pudagynda täze ösüşleri netijeli ulanmagyň düzgünlerini döretmek üçin ählumumy synag meýdançasyna öwrülmäge taýýardyr.Birleşen Arap Emirlikleri emeli intellekt pudagynda täze ösüşleri netijeli ulanmagyň düzgünlerini döretmek üçin ählumumy synag meýdançasyna öwrülmäge taýýardyr.
Çeşme: unite.ai

Birleşen Arap Emirlikleri emeli intellekt pudagynda täze ösüşleri netijeli ulanmagyň düzgünlerini döretmek üçin ählumumy synag meýdançasyna öwrülmäge taýýardyr.

Bu barada BAE-niň emeli intellekt, sanly ykdysadyýet we uzak aralykdan işlemek üçin programmalar ministri Omar Al Olama “Bloomberg” habarlar agentligi bilen geçiren söhbetdeşliginde mälim etdi.

“Bu durmuşa geçirilmegine meniň hut özümiň gyzyklanma bildirýän mümkinçiligimdir we biz olary gazanmak ugrunda çalşarys” diýip, ol aýtdy.

Onuň sözlerine görä, BAE 2021-nji ýyldan bäri emeli intellekt boýunça hünärmenleri özüne çekip gelýär. Şeýlelikde, geçen ýylyň sentýabr aýyna çenli ýagdaýlara görä, degişli ugurlarda Emirliklerde 120 müňe golaý hünärmen işleýärdi. Ozal bu görkeziji 30 müň adamdan geçmeýärdi.

Birleşen Arap Emirliklerinde diňleýjiler bilen sanly ulgam arkaly çykyş eden “OpenAI” atly amerikan ylmy-barlag guramasynyň esaslandyryjysy Sem Altman BAE-de özboluşly merkezi döretmegiň zerurdygyny belledi. Onuň pikiriçe, BAE-de täze emeli intellekt tehnologiýalaryny ulanmak tejribesi beýleki ýurtlarda ýaýradylanda düzgünleri emele getirmek üçin ulanylyp bilner.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026