HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Owganystan we Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleri geçirýärler

Fewral 16, 2024 | 01:27 |8446
Owganystan bilen Türkmenistan maýa goýumlaryny artdyrmak, hyzmatdaşlygy ösdürmek, milli we halkara söwdany goldamak maksady bilen salgyt babatda deslapky ylalaşyk gazandy.Owganystan bilen Türkmenistan maýa goýumlaryny artdyrmak, hyzmatdaşlygy ösdürmek, milli we halkara söwdany goldamak maksady bilen salgyt babatda deslapky ylalaşyk gazandy.
Çeşme: bnnbreaking.com

Owganystan bilen Türkmenistan maýa goýumlaryny artdyrmak, hyzmatdaşlygy ösdürmek, milli we halkara söwdany goldamak maksady bilen salgyt babatda deslapky ylalaşyk gazandy.

Owganystanyň Maliýe ministrliginiň habar bermegine görä, Türkmenistan bilen Owganystanyň degişli edaralarynyň wekiliýetleriniň arasynda ilkinji geňeşmeler Kabulda geçirildi. Iki ýurduň salgyt edaralarynyň ýokary derejeli wekilleriniň indiki duşuşygy bolsa ýakyn wagtda geçiriler.

Geçirilen gepleşikleriň goşa salgyt salynmazlyga, söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, maýa goýumlaryny artdyrmaga we salgyt galplyklarynyň öňüni almaga we gümrük meselelerini çözmäge gönükdirilendigi bellendi. Kabulda geçirilen ara alyp maslahatlaşmalar iki ýurduň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm waka boldy.

Şol bir wagtyň özünde, owgan işewürligi Akina guryýer portunda Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ýokarlanandygyny habar bermek bilen, ýerli häkimiýet bu serhet gümrük nokadynyň geçiriş mümkinçiligini giňeltmäge çagyrýar. Bu barada “TOLO” habarlar agentligi mälim edýär.

Owganystanyň Senagat we söwda ministrligi geçen ýyl Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 481 million dollara barabar bolandygyny habar berdi. Şonuň 3 million dollary eksport, 477 million dollary bolsa import edilen önümlerdir. Türkmenistandan import edilen önümleriň agramly bölegini elektrik energiýasy we nebitgaz pudagynyň önümleri düzýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026