HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ilçisi arap metbugatynyň wekili bilen habarlar ulgamynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

Fewral 16, 2024 | 11:38 |5896
Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky ilçisi Orazmuhammet Çaryýew “Arab News” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Nur Nugali bilen habarlar ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy.Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky ilçisi Orazmuhammet Çaryýew “Arab News” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Nur Nugali bilen habarlar ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky ilçisi Orazmuhammet Çaryýew “Arab News” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Nur Nugali bilen habarlar ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Duşuşygyň çäklerinde diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabyny tanyşdyrdy. Şeýle hem taraplar türkmen-saud hyzmatdaşlygyny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

Şu ýylyň baş şygarynyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilendigini, beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyny halkara derejede belläp geçmegiň çäklerinde birnäçe medeni we ylmy çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulandygyny aýdyldy.

Türkmenisanyň Saud Arabystanyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy “Arab News” gazetiniň wekillerini Magtymguly Pyragynyň ýubileý ýylyna bagyşlanyp geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026