HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kazan şäherinde bilelikdäki türkmen-tatarystan ylmy maslahaty geçiriler

Fewral 16, 2024 | 11:20 |4135
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Güýç Garaýew Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Aýnur Timerhanow bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Güýç Garaýew Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Aýnur Timerhanow bilen duşuşdy.
Çeşme: kazan.tmconsulate.gov.tm

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Güýç Garaýew Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Aýnur Timerhanow bilen duşuşdy. Duşuşykda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki türkmen-tatarystan ylmy maslahatyny guramak meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy habar berýär.

Habarda bellenişi ýaly, türkmen tarapynyň bu teklibi Tatarstan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary tarapyndan oňyn kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu ylmy maslahata taýýarlyk görmek, onuň geçiriljek senesini kesgitlemek we gün tertibini taýýarlamak hem-de beýleki degişli çäreleri görmek barada ylalaşdylar.

Çäre ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyny alymlarynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlarynyň, Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň ymy işgärleriniň, Medeniýet ministriginiň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda geçiriler.

Taraplar türk halklarynyň taryhyny, medeniýetini, edebiýatyny we filosofiýasyny öwrenmek ugrundaky hyzmatdaşlygyň türkmen-tatarystan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görülýändigini bellediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026