Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygy geçirildi


Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. “Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny” atly bu duşuşyk penşenbe güni, 15-nji fewralda gibrid görnüşinde geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Mejlisleri gurady.
Forum dürli ýurtlardan Parlamentleriniň spikerlerini, halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini bir ýere jemledi, bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Duşuşyga gatnaşyjylara gutlag ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa parahatçylykly we oňyn Bitaraplygyň ýurduň daşary syýasatynyň esasyny düzýändigini aýtdy.
Ol “Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda üstünlikli alnyp barylýar. Ol, daşary ýurt parlamentleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak we halkara parlament guramalarynyň işine gatnaşmak arkaly amala aşyrylýar. Bu, Bitarap döwletimiziň halkara başlangyçlaryny goldamak üçin möhüm guraldyr"-diýdi.

BMG-niň Baş Sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýa boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bu dialoga gatnaşdylar. Olar Türkmenistanyň dünýä we sebit derejesinde parahatçylygyň, ösüşiň we hyzmatdaşlygyň gün tertibine has köp gatnaşýandyklaryny we öňe sürülýändigini, biziň döwrümiziň birnäçe ählumumy4 we sebit meselelerine konstruktiw çözgütleri hödürleýändigini bellediler.
Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary Martin Çungong, Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Leji we Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa duşuşyga gatnaşyjylara wideoýüzlenmelerini iberdiler.

Şeýle-de duşuşykda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Natalýa Koçanowa, Gyrgyz Respublikasynyň Žokarky Keneşiniň Başlygynyň orunbasary Nurlanbek Azygaliýew, Şri-Lanka Demokratik Respublikasynyň Parlamentiniň Başlygy Mahinda Ýapa Abeywardana, Gana Respublikasynyň Parlamentiniň Başlygy Alban Suman Kingsford Bagbin, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň orunbasary Şolban Kara-ool, Kataryň, Marokko Patyşalygynyň we Gazagystan Respublikasynyň parlamentarileri çykyş etdiler.
Häzirki zaman dünýäsinde parlament diplomatiýasynyň ornunyň artýandygyny nazara almak bilen, Bitaraplygyň dostlary toparynyň gatnaşyjy ýurtlarynyň spikerleriniň duşuşygy ýaly formata häzirki wagtda uly isleg bildirilýär.

BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, milli we parlamentara birleşikleri kanun çykaryjylyk işlerinde ýakyndan işleşmäge we tejribe alyşmaga, parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmakda bitaraplyk we gepleşik ýörelgelerini we Durnukly ösüş maksatlaryny öňe sürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygynyň esasy netijeleri, teklipleriň we pikirleriň esasynda kabul edilen Jemleýji resminamada berkidildi.
Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin Bitaraplygyň dostlary topary BMG-na agza ýurtlaryň resmi däl birleşigi bolup, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredildi. Topar, gapma-garşylyklaryň öňüni almak, sebäplerini aradan aýyrmak, şeýle hem ynsanperwer meselelerini çözmek üçin Bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri ösdürmek üçin platforma hökmünde hyzmat edýär.
Häzirki wagtda Bitaraplygyň dostlary toparyna 26 ýurt girýär, olaryň bäşisi 2023-nji ýylda bu işe goşuldy.
ORIENT news








