HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ženewada geçiriljek Ählumumy metan forumynyň çäklerinde Merkezi Aziýada metanyň zyňyndylaryny azaltmak meseleleri maslahatlaşylar

Fewral 15, 2024 | 20:16 |6988
Şu ýylyň mart aýynda Ženewada geçiriljek Ählumumy metan forumynyň çäklerinde Merkezi Aziýada metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça “tegelek stol” maslahaty guralar.Şu ýylyň mart aýynda Ženewada geçiriljek Ählumumy metan forumynyň çäklerinde Merkezi Aziýada metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça “tegelek stol” maslahaty guralar.
Çeşme: mfa.gov.tm

Şu ýylyň mart aýynda Ženewada geçiriljek Ählumumy metan forumynyň çäklerinde Merkezi Aziýada metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça “tegelek stol” maslahaty guralar. Bu barada penşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Ligutiniň arasynda geçirilen duşuşykda mälim edildi.

Duşuşygyň dowamynda ýaşyl energiýa, durnukly energiýa we metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we öňüsyrasynda Aşgabatda geçirilen “Göni gepleşik”: Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bilen tebigy gazyň arasyndaky sinergiýa” atly duşuşygynyň netijeleri barada bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

2-2 (1).jpg

Ministriň orunbasary Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda türkmen tarapynyň Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky COP-28 Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatyna gatnaşandygyny we Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak bilen ählumumy meseleleri çözmäge ygrarlydygyna ünsi çekdi.

Gepleşigiň dowamynda BMG ÝYK-yň gün we ýel energiýasy babatda bilermenlik goldawy, şeýle hem energiýany saklamak we geçirmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak babatda özara hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.

18 – 20-nji martda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek Ählumumy metan forumyna metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça dünýäniň bilermenleri we senagat kärhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar. Bu maslahat BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Metan boýunça ählumumy başlangyjy we Metan boýunça ählumumy merkez hem-de “Daşky gurşaw we arassa howa” koalisiýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026