HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Miras” žurnalynyň nobatdaky sany çap edildi

Fewral 14, 2024 | 09:56 |6974
Onda halkymyzyň baý taryhy-medeni we ruhy mirasy boýunça täze açyşlar, barlaglaryň netijeleri baradaky makalalar ýerleşdirilipdir.Onda halkymyzyň baý taryhy-medeni we ruhy mirasy boýunça täze açyşlar, barlaglaryň netijeleri baradaky makalalar ýerleşdirilipdir.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda halkymyzyň baý taryhy-medeni we ruhy mirasy boýunça täze açyşlar, barlaglaryň netijeleri baradaky makalalar ýerleşdirilipdir. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Žurnalyň ilkinji sahyplarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şanly baýramlar mynaysbetli Gutlaglary ýerleşdirilipdir. Hytaýyň Ninsýa uniwersitetiniň prorektory wezipesinde işleýän professoryň “Magtymgulynyň danalygy we beýikligi Çyn-Maçyna ýetdi” atly makalasynda beýik türkmen şahyrynyň döredijilik mirasyny sarpalap Hytaýda geçirilen çäreler barada gürrüň berilýär.

“Soltan Sanjaryň syýasy-diplomatik ýörelgeleriniň binýatlyk ähmiýeti” atly makalada seljuklylar döwründe döwleti dolandyrmagyň ähmiýeti, Soltan Sanjaryň kakasynyň hem-de atasynyň weziri bolan Nyzamylmülküň “Syýasatnama” atly kitabyndan pähimler getirilýär.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde, ýokary çap ediş usulynda neşir edilen “Miras” žurnalynyň nobatdaky sany owadan çeperçilik bezegleri, häzirki zaman sungat ussatlarynyň fotosuratlary, tapylgysyz muzeý, arhiw gymmatlyklarynyň şekilleri, kartografik suratlar bilen bezelipdir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026