“Balam” konditer kärhanasy Moskwada geçen ýöriteleşdirilen sergide ýokary baha mynasyp boldy


Türkmenistanda “Balam” konditer kärhanasy 5-9-njy fewralda Moskwada geçen azyk önümleriň, içgileriň we olaryň onümçiligi üçin çig mallaryň “Prodekspo-2024” XXXI halkara segisine gatnaşdy.
Serginiň çäklerinde geçirilen “2024-nji ýylyň iň gowy önümi” bäsleşikde “Balam” kompaniýasynyň 5 önümi altyn medala mynasyp boldy.
Hususanda, eminler topary türkmen kärhanasynyň “Zaman” künjüli kökesiniň iki görnüşine, şokolad kremli kruasanyna, wanil tagamly “ýürek” gatlakly kökesine, şeýle hem wanil huruşly “Balam” gatlakly kökesine ýokary baha berdi.

2016-njy ýylda Aşgabatda esaslandyrylan “Balam” kompaniýasy Türkmenistanyň öňdebaryjy konditer kärhanalarynyň hataryna girýär. Ol bir günde 100 kg çörek we konditer önümlerini öndürýän kiçiräk önümhanadan aýda 2,5 müň tonna önüm öndürmäge ukyply iri kärhana çenli ýol geçdi.
Häzirki wagtda kärhana 100-den gowrak önüm öndürýär we bu sanawyň üsti täze önümler bilen yzygiderli ýetirilýär.

Önümler dünýä belli RONDO şweýsar kompaniýasynyň ýokary hilli enjamlarynda öndürilýär we ähli howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýär.
2016-njy ýylda kompaniýa barlaghana synaglaryny üstünlikli geçdi we bildirilýän talaplara laýyklyk güwanamasyny aldy.
“Biz önümleriň ýokary hilli bolmagyna uly üns berýäris we önümçilik tapgyrlarynyň her birini gözegçilikde saklaýarys” diýip “Balamyň” hünärmenleri aýdýarlar.
ORIENT news








