HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-de söwdalar: içerki we daşarky bazarlara nebithimiýa önümleri hem-de gurluşyk materiallary ýerlenildi

Fewral 13, 2024 | 13:12 |7439
Duşenbe güni, 12-nji fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara nebithimiýa önümleri hem-de gurluşyk materiallary ýerlenildi.Duşenbe güni, 12-nji fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara nebithimiýa önümleri hem-de gurluşyk materiallary ýerlenildi.
Çeşme: exchange.gov.tm

Duşenbe güni, 12-nji fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara nebithimiýa önümleri hem-de gurluşyk materiallary ýerlenildi.

Daşarky bazarda Türkiýäniň, Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Özbegistanyň telekeçileri «TPP D 30 S» hem-de «TPP D 382 BF» kysymly polipropileni, dizel ýangyjyny, şeýle hem «TS-1» kysymly awiakerosini satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Içerki bazarda türkmen telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 382 BF» kysymly polipropileni satyn aldylar.

Şeýle hem olar düz (float) aýna satyn almak boýunça Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen geleşik baglaşdylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 1 645 000 manatlyk we 17 835 000 dollarlyk 7 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026