HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ermenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

Fewral 13, 2024 | 10:37 |4855
12-nji fewralda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ösüş boýunça köptaraplaýyn syýasat we hyzmatdaşlyk departamentiniň başlygy Dawid Knýazýan bilen duşuşdy.12-nji fewralda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ösüş boýunça köptaraplaýyn syýasat we hyzmatdaşlyk departamentiniň başlygy Dawid Knýazýan bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasy

12-nji fewralda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ösüş boýunça köptaraplaýyn syýasat we hyzmatdaşlyk departamentiniň başlygy Dawid Knýazýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň üstünde durup, Ermenistan döwletiniň Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen energetika, ulag pudagyndaky birnäçe BMG-niň Kararnamalaryň, şeýle hem Halkara Bitaraplyk ýylynyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, Durnukly ösüşiň Bütündünýä gününiň yglan edilmegi babatyndaky Kararnamalaryň döredijisi bolup çykyş edendigini bellediler. Bu barada Türkmenistanyň Ýerewan şäherindäki ilçihanasy habar berýär.

Ilçi M.Aýazow Türkmenistanyň ilçihanasy bilen Ermenistanyň Welotregi hem-de Welosportuň höwesjeňler federasiýasy bilen bilelikde Ýerewan şäherinde her ýyl welosiped sürmek boýunça çäräniň geçirilýändigini belläp, ýylsaýyn bu çärä gatnaşyjylaryň sanynyň artýandygyny nygtady. Şol bir wagtda ilçi bu çäräni her ýylda geçirmegiň asylly däbe öwrülendigini belledi we Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Kararnama esasynda Bütindünýä welosiped gününiň her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýändigini aýtdy.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň oňyn bitaraplygynyň orny barada gürrüň edenlerinde, ilçi M.Aýazow Ermenistan Respublikasyny parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostluk toparyna goşulmaga çagyrdy. Ilçi Dostluk toparynyň BMG-niň howandarlygy astynda jedelleriň öňüni almak, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmak, ynsanperwer meselelerini çözmek maksady bilen bitaraplyk ýörelgelerini tejribe taýdan ulanmak boýunça giňişleýin köptaraplaýyn gepleşikleriň meýdançasy bolup çykyş edýändigini belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026