HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda ýurduň geçimişini we geljegini baglanyşdyrýan demir ýol menzili guruldy

Fewral 12, 2024 | 22:05 |6183
Hytaýda ýurduň geçimişini we geljegini baglanyşdyrýan demir ýol menzili guruldy.Hytaýda ýurduň geçimişini we geljegini baglanyşdyrýan demir ýol menzili guruldy.
Çeşme: techcult.ru

Hytaýda ýurduň geçimişini we geljegini baglanyşdyrýan demir ýol menzili guruldy.

Bu taslama MAD Architects gurluşyk kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Täze ulag merkezi 1907-nji ýylda Hytaýyň Günorta-Gündogarynda gurlan köne Szýasin demir ýol menziliniň keşbi boýunça bina edildi.

Kompaniýanyň binagärleri bu demir ýol menziliniň köne foto suratlaryny jikme-jik öwrendiler, saklanyp galan resminamalar bilen tanyşdylar. Taryhyň dowamynda onuň binasynyň durky birnäçe gezek üýtgäpdir.

Soňra bolsa döwrebap, ýöne asyl nusgasyna meňzeş binanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Gurluşygyň dowamynda ýerli kölüň palçygyndan taýýarlanylan 21 müňe golaý kerpiç ulanyldy.

Şeýle hem gurşluşyk işlerine landşaft dizaýn boýunça hünärmenler çekildi. Olaryň güýji bilen bir ýarym müňe golaý bag nahallary oturdyldy, depeleri ýada salýan emeli belentlikler döredildi.

Demir ýol menziliniň ýanynda medeni ulgamyň edaralary we söwda nokatlary ýerleşer. Yşyklandyryş üçin elektrik energiýasyny tygşytlamak maksady bilen täze demir ýol menzilinde gün batareýalary we köp mukdarda aýna ulanyldy.

Bina eýýäm gurlup tamamlandy we tutuşlygyna diýen ýaly ýeriň aşagyna çöken esasy desganyň ýanynda ýerleşýär.

Demir ýol menziliniň ähli ulag we täjirçilik bölümleri ýeriň aşagynda ýerleşdirildi, demir ýollaryň sany bolsa 5-den 6-a ýetirildi.

Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, 2025-nji ýylda täze demir ýol menziliniň ýolagçy akymy ýylda 5 müň 280 adama deň bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026