HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Amazon-yň” ýolbaşçysy kompaniýanyň 2 milliard dollarlyk paýnamalaryny satdy

Fewral 12, 2024 | 18:00 |8199
Iri onlaýn satuw bazary “Amazon” -yň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy, amerikaly işewür Jeff Bezos kompaniýanyň umumy bahasy 2 milliard dollardan gowrak bolan paýnamalaryny satdy.Iri onlaýn satuw bazary “Amazon” -yň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy, amerikaly işewür Jeff Bezos kompaniýanyň umumy bahasy 2 milliard dollardan gowrak bolan paýnamalaryny satdy.
Çeşme: ixbt.com

Iri onlaýn satuw bazary “Amazon” -yň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy, amerikaly işewür Jeff Bezos kompaniýanyň umumy bahasy 2 milliard dollardan gowrak bolan paýnamalaryny satdy. Bu barada dünýäniň abraýly ykdysady neşirleriniň biri bolan “Forbes” habar berdi.

Bu Bezosyň 2021-nji ýyldan bäri ilkinji paýnama satuwy bolup durýar. Bu kompaniýanyň 2025-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli döwürde 50 milliona çenli paýnama satmak meýilnamasynyň bir bölegidir. Paýnamalar 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Bezos tarapyndan tassyklanan söwda meýilnamasyna laýyklykda iki günüň içinde satyldy. Bahalar her paý üçin 169,71 dollardan 171.02 dollar aralygynda boldy.

2023-nji ýylyň fewral aýyndaky ýagdaýa görä, Jeff Bezos “Amazon” paýnamalarynyň 12,3% -ine golaýyny, şol sanda ozalky aýaly MakKenzie Skottyň paýnamalaryna eýe boldy. Ol şolardan 12 millionyny satdy - takmynan 1%-ini satdy.

Söwda meýilnamasy Bezosyň Sietlden Maýami şäherine göçendigini yglan edeninden alty gün soň amala aşyryldy.

Ýaşaýyş jaýyny göçürmek milliarder üçin maddy ähmiýete eýe. Maýaminiň Florida ştatynda düýpli girdeji salgydy ýokdur.

Şeýlelikde Bezos Maýamide paýnama satmak meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirse, 600 million dollara golaý puluny tygşytlap biler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026