HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen hokkeýçileri dünýä çempionatyň 3-nji diwizion oýunlaryna gatnaşar

Fewral 12, 2024 | 09:59 |5738
Türkmen hokkeýçileri iki möhüm waka şaýat bolarlar. Olaryň dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynda 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň we ulularyň arasynda saýlama ýaryşa gatnaşmagy meýilleşdirilýär.Türkmen hokkeýçileri iki möhüm waka şaýat bolarlar. Olaryň dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynda 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň we ulularyň arasynda saýlama ýaryşa gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Türkmen hokkeýçileri iki möhüm waka şaýat bolarlar. Olaryň dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynda 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň we ulularyň arasynda saýlama ýaryşa gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar berşi ýaly, 13-nji fewralda Türkmenistan milli hokkeý ýygyndysy «Raubiçi» köpugurly sport toplumynda türgenleşik işlerini geçirmek üçin Minsk şäherine ugrar.

18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda Türkmenistan üçünji diwiziona ilkinji gezek wekilçilik eder. Dünýä çempionaty 4-8-nji martda Keýptaun şäherinde geçiriler. Türkmenistanly hokkeýçiler Günorta Afrikanyň, Taýlandyň we Gonkongyň ýygyndylary bilen bir toparda bäsleşer. Toparçada ýeňiji bolan ýygyndy ikinji diwizionda çykyş etmäge hukuk gazanar.

Üçünji diwizionda uly ýaşlylaryň arasyndaky dünýä çempionaty 8-16-njy martda Bişkekde geçiriler. Türkmenistanyň ýygyndysy Gyrgyzystanyň, Meksikanyň, Lýuksemburgyň, Taýlandyň we Günorta Afrikanyň ýygyndylary bilen ikinji diwiziona ýollanma almak ugrunda göreşer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Ilçisi "Qatar Charity" haýyr-sahawat guramasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi "Qatar Charity" haýyr-sahawat guramasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

16:58 Awgust 05, 2026
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026