HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýada geçirilýän Prezident saýlawlarynda ses bermek üçin Türkmenistanyň şäherlerinde saýlaw uçastoklary dörediler

Fewral 09, 2024 | 15:11 |5031
Russiýada geçirilýän Prezident saýlawlarynda ses bermek üçin Türkmenistanyň iri şäherlerinde saýlaw uçastoklary dörediler.Russiýada geçirilýän Prezident saýlawlarynda ses bermek üçin Türkmenistanyň iri şäherlerinde saýlaw uçastoklary dörediler.
Çeşme: © TASS/URA.RU

Russiýada geçirilýän Prezident saýlawlarynda ses bermek üçin Türkmenistanyň iri şäherlerinde saýlaw uçastoklary dörediler. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasyna salgylanyp, "TASS" habarlar agentligi mälim edýär.

Ilçihana 17-nji martda baryp ses bermek üçin türkmen tarapy bilen 5 şäherde - Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Türkmenabatda, Maryda we Daşoguzda saýlaw uçastoklaryny açmagy ylalaşdy. Şeýle edilende Türkmenistanda ýaşaýan Russiýanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklaryndan ýokary derejede peýdalanmaga mümkinçilik dörär. Saýlaw uçastoklaryna baryp bilmeýän, hereketi çäkli adamlar hem gözden salynmaz. Şeýle adalamlar öňünden ýüz tutsalar, olaryň öýlerine baryp, seslerini alyp gaýtmak mümkinçiligi dörediler.

Saýlaw uçastoklary baradaky maglumatlar ilçihananyň web-saýtynda öz wagtynda ilata ýetiriler. Ilçihana Russiýanyň ähli raýatlaryna öz raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmek üçin saýlaw uçastoklaryna baryp seslerini bermäge çagyrýar.

Ýeri gelende bellesek, 2018-nji ýylda geçirilen Prezident saýlawlarynda ses bermäge Türkmenistanda ýaşaýan Russiýanyň 4 müňden gowrak raýaty gatnaşdy.

Russiýanyň Federal Geňeşi Prezident saýlawlarynyň geçirilýän senensini 17-nji martda belledi. Ses bermek işi 3 gün - 15 - 17-nji mart aralgynda geçiriler. Şeýlelikde nobatdaky saýlawlar Russiýanyň taryhynda 3 günläp geçirilen ilkinji saýlaw bolar.

Umuman, Russiýanyň çäginden daşarda nobatdaky saýlaw möwsüminde jemi 300 saýlaw uçastogy dörediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026