«Ynamly taksi» mobil goşundysy arkaly sargyt edilende taksi hyzmatlarynyň iň pes bahasy arzanladyldy


2024-nji ýylyň 5-nji fewralyndan başlap, «Ynamly taksi» mobil goşundysy arkaly taksi çagyrylanda, Aşgabat şäherinde syýahatyň iň pes bahasy 15 manada çenli arzanladyldy. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär.
6:00-dan 14:00-a çenli:
Taksi çagyrmagyň bahasy 7 manat
1 kilometr ― 1 manat 20 teňňe
Garaşmak: 2 minut tölegsiz, soňra 70 teňňe
Iň pes baha: 15 manat (mobil goşundydan sargyt edilende)
14:00-dan 6:00-a çenli:
Taksi çagyrmagyň bahasy 9 manat
1 kilometr ― 1 manat 44 teňňe
Garaşmak: 2 minut tölegsiz, soňra 90 teňňe
Iň pes baha: 15 manat (mobil goşundydan sargyt edilende)
Taksi hyzmatyndan peýdalanmagyň 15 manatlyk elýeterli bahasy diňe «Ynamly taksi» mobil goşundysyna degişlir. 0656 telefon belgisine ýüz tutmak arkaly taksi çagyrmagyň bahasy öňki nyrhynda ― 20 manat möçberinde galýar.
Iň pes bahanyň arzanladylmagy – taksileri hemmeler üçin elýeterli etmek ugrunda «Ynamly taksiniň» ýene-de bir ädimidir.
«Ynamly taksi» atly taksi çagyrmak üçin onlaýn hyzmat «Awtoulag kärhanalar birleşigi» AGPJ-niň hünärmenleri tarapyndan işe girizildi.
Mobil goşundy «iOS» we «Android» platformalarynda ýükläp almak üçin elýeterlidir.
ORIENT news








