HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny tassyklady

Fewral 10, 2024 | 14:49 |12014
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýetişdirilen pagta we bugdaý hasylynyň 2024-nji ýylda döwlet satyn alyş bahalarynyň möçberleri barada Karara gol çekdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýetişdirilen pagta we bugdaý hasylynyň 2024-nji ýylda döwlet satyn alyş bahalarynyň möçberleri barada Karara gol çekdi.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýetişdirilen pagta we bugdaý hasylynyň 2024-nji ýylda döwlet satyn alyş bahalarynyň möçberleri barada Karara gol çekdi. Degişli resminama türkmen metbugatynda çap edildi.

Şeýlelikde, bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2 müň manat möçberde;

nah pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 5 müň manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4 müň 770 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4 müň 550 manat möçberde;

ýüpek pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 6 müň 700 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 6 müň 400 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 6 müň 100 manat möçberde bellenildi.

Degişli Karar “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, daýhanlaryň ýere bolan höwesini artdyryp, yhlasly zähmet çekmekleri üçin, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen kabul edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026