HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň netijelerini jemledi we 2024-nji ýyl üçin meýilnamalary yglan etdi

Fewral 10, 2024 | 03:53 |11431
Prezident Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, Hökümet agzalary we beýleki ýolbaşçylar tarapyndan 2023-nji ýylyň netijeleri barada hasabat berenden soň, umumy netijeleri gysgaça beýan etdi we 2024-nji ýyldaky wezipeleri kesgitledi.Prezident Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, Hökümet agzalary we beýleki ýolbaşçylar tarapyndan 2023-nji ýylyň netijeleri barada hasabat berenden soň, umumy netijeleri gysgaça beýan etdi we 2024-nji ýyldaky wezipeleri kesgitledi.
Çeşme: "Altyn asyr" teleýaýlymyndan alnan

Prezident Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, Hökümet agzalary we beýleki ýolbaşçylar tarapyndan 2023-nji ýylyň netijeleri barada hasabat berenden soň, umumy netijeleri gysgaça beýan etdi we 2024-nji ýyldaky wezipeleri kesgitledi.

Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçysy aşakdaky sanlara salgylanyp, birnäçe görkezijilerine ünsi çekdi: ýurduň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,3% boldy, şol sanda senagat pudagynda - 4,3%, söwdada - 12,8%, oba hojalygynda - 4,4%. Maýa goýumlarynyň mukdary 7,5% ýokarlandy. Içerki önümleriň eksporty 11,4 milliard ABŞ dollaryna boldy.

Soňky bir ýylda jemi 12 müň 274 täze iş ýerleri döredildi, 78 sany senagat we durmuş-medeni desgalar açyldy, 1 million 897 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanylmaga berildi.

Uly waka bolan “akylly” Arkadag şäheriniň açyldy. Beýleki desgalaryň arasynda Mary-Ahal ýokary woltly elektrik sy, Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän zawodynda iki sany gaz turbinaly enjam we dürli pudaklarda onlarça kärhana işe girizildi.

Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýyl üçin meýilnamalar barada aýdyp, ýurtda 430 müň inedördül metr meýdany bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 5360 orunlyk bilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny hem-de sebitlerdäki we paýtagtymyzdaky birnäçe desgalary gurmagy we ulanmaga bermegi meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Olara şular girýär: Aşgabat şäherinde - 150 müň kub metr agyz suw arassalaýjy zawod, “Dokmaçylar” medeni merkezi, Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we medeni seýilgäh toplumy, Parahat-7 toplumynda 13 sany ýaşaýyş jaýy, Halkara bejeriş we saglygy dikeldiş merkezi we Fiziologiýa boýunça halkara ylmy kliniki merkez;

Ahal sebitinde - Baherden sement zawodynyň 2-nji tapgyry, Ak Bugdaý we Kaka etraplarynda täze obalar;

Balkan sebitinde - Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän köpri, Jebel şäherçesinde halkara howa terminaly toplumy;

Lebapda - Koýtendag sebitindäki sement zawodynyň 2-nji tapgyry;

Mary şäherinde - sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň täze dolandyryş binasy. Şeýle hem Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň Tejen-Mary bölegini işe girizmek meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026