Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölüp aýyrmak şertinde birnäçe pudaklaýyn dolandyryş edaralary döredildi


Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Oba hojalyk ministrliginiň işini täzeçil guramak hakynda Permana gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredilýär.
Bu düzümler Oba hojalyk ministrliginiň degişli ugurlardaky hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi.
Bu çäreler oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçilikleri döretmek, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýär.
ORIENT news








