HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmenistan” gazeti Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini yglan edýär

Fewral 09, 2024 | 16:16 |1832
«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi bilen bilelikde, žurnalistleriň we mirasgärleriň arasynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi bilen bilelikde, žurnalistleriň we mirasgärleriň arasynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi bilen bilelikde, žurnalistleriň we mirasgärleriň arasynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşige hödürlenilýän eserlerde (makalalarda we oçerklerde) «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolup geçýän taryhy wakalaryň, akyldar şahyryň döredijiligini bütin dünýäde dabaralandyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan ägirt uly işleriň düýp mazmuny we ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezilmelidir. Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň türkmen hem-de dünýä edebiýatynyň täze edebi tapyndylar bilen baýlaşmagyna ýetiren täsiri beýan edilmelidir. Oçerkler akyldar şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmäge uly goşant goşan şahsyýetlere, alymlara, magtymgulyşynaslara bagyşlanmalydyr.

Eserler «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Erkin döredijilik mekany) ýa-da onuň elektron salgysyna (turkmenistan-gazeti@sanly.tm) ýollap bilerler. Awtorlar redaksiýa ugradýan eserlerine özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar. Bäsleşige gatnaşýanlar ýaş tapawudy ýa-da işleriniň sany boýunça çäklendirilmeýär.

Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky gysgaça maglumatlar bildiriş gazetde çap edilen gününden başlap, 2024-nji ýylyň 10-njy iýunyna çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026