Oba hojalygynda zyýankeşlere garşy serişdeleriň ulanylyşyna gözegçilik etmek meseleleri maslahatlaşyldy


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Oba hojalyk ministrliginiň hünärmenleri Russiýanyň weterinar we fitosanitar gözegçilik boýunça federal gullugynyň (“Rosselhoznadzor”) wekilleri sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdiler. Bu barada “Rosselhoznadzor” habar berýär.
Oba hojalygynda, ekinleriň ösdürilip ýetişdirilişinde zyýankeşlere garşy serişdeleriň ulanylyşyna gözegçilik etmek duşuşygyň esasy maksady boldy.
Türkmen hünärmenleri degişli ugurda “Rosselhoznadzor” bilen özara tejribeleri alyşmaga, şeýle hem zyýankeşlere garşy serişdeleri we agrohimikatlary ulanmak ulgamynda özara düşünşmek hakynda Ähtnama baglaşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Häzirki wagtda bu resminama baglaşmak tapgyryndadyr.
Öz gezeginde Russiýanyň weterinar we fitosanitar gözegçilik boýunça federal gullugynyň hünärmenleri Türkmenistanyň çäginden çykarylýan ýüklere gözegçiligi gyzyklanma bildirdi. Bu zyýankeşlere garşy serişdeleriň ulanyşyna döwlet gözgeçiligini amala aşyrmaga mümkinçilik berer.
Russiýanyň Federal kanunyna laýyklykda, “Rosselhoznadzor” daşary ýurt kärhanalarynda öndürilýän azyk önümlere, olaryň ugadylýan ýerine gözegçiligi amala aşyrmaga ytyýarlydyr.
ORIENT news








