HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesindäki ornuny pugtalandyrýar

Fewral 09, 2024 | 12:01 |8159
Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesi üçin ulag-logistika merkezleriniň sanly sanawyna girizmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýanwar aýynyň ahyrynda geçirilen GDA-nyň Ulag boýunça işewürlik dialogynyň ikinji mejlisiniň maglumatlarynda beýan edildi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesi üçin ulag-logistika merkezleriniň sanly sanawyna girizmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýanwar aýynyň ahyrynda geçirilen GDA-nyň Ulag boýunça işewürlik dialogynyň ikinji mejlisiniň maglumatlarynda beýan edildi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Çeşme: Canva

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesi üçin ulag-logistika merkezleriniň sanly sanawyna girizmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýanwar aýynyň ahyrynda geçirilen GDA-nyň Ulag boýunça işewürlik dialogynyň ikinji mejlisiniň maglumatlarynda beýan edildi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Infrastruktura sanawynyň Arkalaşyga agza döwletleriň Utgaşdyrylan ulag maslahatynyň saýtynda köpçülige elýeterli görnüşde ýerleşdiriljekdigi habar berilýär. Munuň özi Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrýan «Demirgazyk – Günorta» geçelgesinde logistika ugurlaryny we üpjünçilik zynjyrlaryny has netijeli ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň strategiýasynda kesgitlenen üç esasy ugurdan ikisi ýurdumyzyň üstünden geçýär: Hazarüsti (Hazar deňziniň üstünden) we gündogar (Gazagystanyň we Türkmenistanyň üstünden) ugurlary.

Ýatlatsak, ozal «RŽD Logistika» kompaniýasynyň wekilleri we onuň baş direktory Dmitriý Murew Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip gördüler. Ol portuň infrastrukturasyna ýokary baha berdi we kompaniýanyň täze logistika çözgütlerini döretmek üçin onuň mümkinçiliklerinden peýdalanjakdygyny aýtdy.

Dmitriý Murewiň pikiriçe, döwletiň ulag infrastrukturasy artýan ýük akymlaryny dolandyrmak üçin zerur talaplara laýyk gelýär we Türkmenistan «Gündogar – Günbatar» we «Demirgazyk – Günorta» ugurlarynda geljegiň möhüm ulag merkezine öwrülip biler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026
Gazagystanda 2 million dollar baýrak gaznaly halkara AI-kinofilm festiwaly geçiriler

Gazagystanda 2 million dollar baýrak gaznaly halkara AI-kinofilm festiwaly geçiriler

19:19 Sentýabr 15, 2026