HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen hünärmenleri fransuz klassifikasiýa jemgyýetiniň şahadatnamalaryny aldylar

Fewral 08, 2024 | 09:51 |7108
Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýanyň hünärmenleri Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde Fransiýa Respublikasynyň «Bureau Veritas Marine & Offshore sas»  klassifikasion jemgyýeti (BV klassifikasion jemgyýeti) tarapyndan guralan «Ulanyşdaky gämileri barlamak» ugry boýunça okuwa gatnaşdylar.Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýanyň hünärmenleri Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde Fransiýa Respublikasynyň «Bureau Veritas Marine & Offshore sas»  klassifikasion jemgyýeti (BV klassifikasion jemgyýeti) tarapyndan guralan «Ulanyşdaky gämileri barlamak» ugry boýunça okuwa gatnaşdylar.
Çeşme: tmrl.gov.tm

Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýanyň hünärmenleri Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde Fransiýa Respublikasynyň «Bureau Veritas Marine & Offshore sas» klassifikasion jemgyýeti (BV klassifikasion jemgyýeti) tarapyndan guralan «Ulanyşdaky gämileri barlamak» ugry boýunça okuwa gatnaşdylar.

Okuwyň dowamynda BV klassifikasion jemgyýetiniň bilermenleri tarapyndan halkara standartlaryna laýyklykda gämileriň howpsuz ýüzüşini üpjün etmegi we daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almagy üpjün etmegiň esasy talaplary boýunça sapaklar berildi. Hususan-da, Klassifikasion Jemgyýetleriň Halkara Assosiýasy (IACS) barada düşünje berlip, klassifikasion jemgyýetleriň alyp barýan işleri, konsepsiýasy hem-de olaryň ähmiýeti barada öwrenildi. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi habar berýär.

Şeýle-de, döwlet port gözegçiligi barada hem durlup geçilip, onuň esasy wezipeleri we gämi gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ähmiýeti barada giňişleýin diňlenildi. Geçirilen okuwyň netijesinde hünärmenlere «Ulanyşdaky gämileri barlamak» ugry boýunça şahadatnamalar gowşuryldy.

Mundan başga-da, okuw maslahatynyň dowamynda Deňizde adamyň janyny goramak barada (SOLAS-74) konwensiýanyň bölümleri boýunça BV klassifikasion jemgyýetiniň öňdebaryjy tejribesi öwrenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026
Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

16:00 Sentýabr 29, 2026