HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň Bunker konwensiýasyna goşuldy

Fewral 07, 2024 | 22:24 |9368
Halkara Deňiz Guramasy (IMO) Türkmenistanyň Bunker ýangyjy zerarly ýüze çykýan hapalanmadan gelýän zyýanyň 2001-nji ýyldaky raýat jogapkärçiligi baradaky halkara konwensiýasyna goşulmagyny tassyklady (Bunker konwensiýasy, “Bunker 2001”).Halkara Deňiz Guramasy (IMO) Türkmenistanyň Bunker ýangyjy zerarly ýüze çykýan hapalanmadan gelýän zyýanyň 2001-nji ýyldaky raýat jogapkärçiligi baradaky halkara konwensiýasyna goşulmagyny tassyklady (Bunker konwensiýasy, “Bunker 2001”).
Çeşme: orient.tm

Halkara Deňiz Guramasy (IMO) Türkmenistanyň Bunker ýangyjy zerarly ýüze çykýan hapalanmadan gelýän zyýanyň 2001-nji ýyldaky raýat jogapkärçiligi baradaky halkara konwensiýasyna goşulmagyny tassyklady (Bunker konwensiýasy, “Bunker 2001”).

Goşulmak boýunça işleri, gämi bunker hyzmatlary üçin halkara talaplaryny ýerine ýetirmek üçin geçirildi. Konwensiýa Türkmenistan üçin 2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde güýje girer diýip, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň metbugat gullugy (“Türkmendenizderyayollary”) habar berýär.

Bunker konwensiýasy HDG tarapyndan 2001-nji ýylyň 23-nji martynda kabul edildi we 2008-nji ýylyň 21-nji noýabrynda güýje girdi. Esasy maksady jogapkärçilik meselelerini kesgitlemek we bunker ýangyjy zerarly gelýän hapalanmanyň öwezini dolmak üçin bitewi halkara standartyny we prosedurasyny kabul etmek. Konwensiýa ýangyç dökülmegi netijesinde ýetirilen zyýanyň ýeterlik derejede, çalt we täsirli öwezini dolmagy üpjün edýär.

Häzirki wagtda dünýäniň 100-den gowrak ýurdy, şol sanda Hazarýaka döwletleri - Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy we Eýran Yslam Respublikasy ýaly ýurtlar bu konwensiýa gatnaşýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026