Psihiki sagdynlyk boýunça onlaýn okuw platformasy işe girizildi. Bu kimler we näme üçin?


Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy psihiki sagdynlyk we psihososial goldawm boýunça onlaýn okuw platformasyny işe girizdi. Ol degişli ugur boýunça bilimleri özleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Platforma Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslamanyň çäklerinde işlenip taýýarlanyp işe girizildi. Bu taslama BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Parahatçylyk we ösüş maslahatçylarynyň (UNDP-DPPA) düşünişmezlikleriň öňüni almakda milli mümkinçilikleri artdyrmak boýunça bilelikdäki maksatnamanyň esasynda maliýeleşdirilýär.

Türkmenistanda şeýle görnüşdäki ilkinji onlaýn okuw platformasy degişli ugurda hyzmatlary hödürleýän, şol sanda durmuş goraglylygy ulgamynda iş alyp barýan hünärmenlere, mugallymlara, hukuk goraýjy işgärlere, zenanlara, öňdebaryjy ýaşlara psihososial goldawlary bermekde goldaw bermegi maksat edinýär. Bu barada BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň metbugat beýanatynda mälim edilýär.
Degişli ugurda hünärmenleri taýýarlamak boýunça gollanmalar onlaýn platformanyň baş sahypynda ýükläp almak üçin eleýeterlidir. Mundan başga-da, okuw kursyny özbaşdak geçmek mümkinçiligi hem elýeterlidir. Okuw kursunyň ähli tapgyrlaryna üstünlikli geçen gatnaşyjylara degişli ugurda şahadatnamalary alyp bilerler.
"BMG-niň Ösüş maksatnamasy ählumumy öňüni alyş syýasatynyň çäklerinde psihiki sagdynlygy we psihososiologik goldawa aýratyn ähmiýet berýär we ýaşlaryň bu babatdaky mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň ählumumy wehimlere durnuklylygyny artdyrmak ugrunda tagalla edýär" diýip, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan aýdýar. Bellenişi ýaly, bu okuw maksatnamasy degişli ugurda iş alyp barýana adamlaryň işine goldaw bolar.

Trening gollanmalary BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň psihiki sagdynlyk boýunça bilermeni we hünärmeni Witaliý Klimçuk tarapyndan taýýarlanyp, onda öwredilýän zatlaryň netijeliligi geçen ýylyň noýabr aýynda geçirilen trening okuwlarynyň çäklerinde synagdan geçirildi.
Taýýarlanylan okuw gollanmalary, şol sanda prezentasiýalar, sowalnamalar, sosial hyzmatlary hödürleýänler, alymlar, we raýat jemgyýetiniň wekilleir üçin elektron görnüşe geçirildi.








