HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Geçen ýyl Türkiýe syýahatçylyk pudagynda taryhy üstünlik gazandy

Fewral 07, 2024 | 16:13 |8023
Dünýäniň öňdebaryjy syýahatçylyk sebitleriniň biri bolan Türkiýe 2023-nji ýylda 56,7 million syýahatçyny özüne çekmek bilen, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, 10% ösüş gazandy. Ýurduň syýahatçylyk pudagyndan gazanýan girdejisi 17% artyp, 54,3 milliard dollara ýetdi. Şunda myhmanlaryň bir gijede harçlaýan puly, ortaça, 99 dollara deňdir. Bu barada Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý Stambulda geçirilen mejlisde habar berdi.Dünýäniň öňdebaryjy syýahatçylyk sebitleriniň biri bolan Türkiýe 2023-nji ýylda 56,7 million syýahatçyny özüne çekmek bilen, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, 10% ösüş gazandy. Ýurduň syýahatçylyk pudagyndan gazanýan girdejisi 17% artyp, 54,3 milliard dollara ýetdi. Şunda myhmanlaryň bir gijede harçlaýan puly, ortaça, 99 dollara deňdir. Bu barada Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý Stambulda geçirilen mejlisde habar berdi.
Çeşme: Fotosurat Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan alyndy

Dünýäniň öňdebaryjy syýahatçylyk sebitleriniň biri bolan Türkiýe 2023-nji ýylda 56,7 million syýahatçyny özüne çekmek bilen, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, 10% ösüş gazandy. Ýurduň syýahatçylyk pudagyndan gazanýan girdejisi 17% artyp, 54,3 milliard dollara ýetdi. Şunda myhmanlaryň bir gijede harçlaýan puly, ortaça, 99 dollara deňdir. Bu barada Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý Stambulda geçirilen mejlisde habar berdi.

Şeýle hem Ersoý Türkiýäniň syýahatçylyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak bilen, bu ugurda alyp barýan strategiýasyna gaýtadan seredendigini aýtdy.

«Halkara çäreleri, sport ýaryşlary we festiwallar ýaly gysga möhletli önümleri hödürlänimizde, syýahatçylyk önümleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň syýahatçylaryň ýurtda bolmagynyň ortaça dowamlylygyna oňyn täsir edýändigini görýäris» diýip, ministr nygtady.

Şu ýyl ýurda gelýän syýahatçylaryň sanynyň 60 milliona çenli artjakdygy, syýahatçylyk pudagyndan gazanylýan girdejiniň bolsa 60 milliard dollara çenli ýokarlanjakdygy çaklanylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026