HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ISO standartyna laýyklykda sertifikatlaşdyrmaga taýýarlanylar

Fewral 06, 2024 | 20:22 |11079
"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ISO talaplaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrmak üçin birnäçe täzelikleri ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar."Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ISO talaplaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrmak üçin birnäçe täzelikleri ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar.
Çeşme: balkanshipyard.com.tm

"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ISO talaplaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrmak üçin birnäçe täzelikleri ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Zawodyň halkara şahadatnama eýe bolmagy onuň daşarky bazarlardaky ornuny has-da giňeltmäge mümkinçilik berer. Bu boýunça teklipler koreý kärdeşleri bilen geçirilen gepleşiklerde mälim edildi diýip, "Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň resmi web-saýty belleýär.

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämilerini bilelikde gurmak barada 2023-nji ýylyň sentýabrynda gol çekilen şertnamany durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylyk-da «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy tarapyndan «Balkan» zawodynyň önümçilik düzümine degişli bolan hünärmenleri degişli ugurlar boýunça ýakyn wagtlarda okatmak, «Balkan» zawodyny ISO Halkara standartlaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrmak we gämi gurluşyk barada anyk meseleler barada birnäçe teklipleriň üstünde durulyp geçildi.

Mundan ozal, "Balkan" zawodynda hyzmatdaşkar bilen bilelikde ilkinji ýük gämini 14 aýyň içinde, ikinji ýük gämini şondan 2 aý soň, üçünjini hem şondan 2 aý soň gurup ulanmaga bermegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.

Milli gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýylda 4 gämini gurmaga we 20 gämide abatlaýyş işlerini geçirmäge niýetlenendir.

"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen bilelikde 2018-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga berildi. Şondan birnäçe wagt geçenden soň, zawod hukuk taýdan açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

21:00 Awgust 06, 2026
BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

19:00 Awgust 06, 2026