HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen alymlary oba hojalyk işlerinde innowasion çemeleşmeleri öwrenýärler

Fewral 06, 2024 | 09:30 |5873
Türkmen alymlary ösümlikleriň genetiki mümkinçiliklerini, dökünleriň netijeliligini güýçlendirmegiň usullaryny öwrenmek arkaly oba hojalyk işlerini innowasion usulda alnyp barylmagyny maksat edinýärler.Türkmen alymlary ösümlikleriň genetiki mümkinçiliklerini, dökünleriň netijeliligini güýçlendirmegiň usullaryny öwrenmek arkaly oba hojalyk işlerini innowasion usulda alnyp barylmagyny maksat edinýärler.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

Türkmen alymlary ösümlikleriň genetiki mümkinçiliklerini, dökünleriň netijeliligini güýçlendirmegiň usullaryny öwrenmek arkaly oba hojalyk işlerini innowasion usulda alnyp barylmagyny maksat edinýärler.

Şol alymlaryň biri hem mikrobiolog Hudaýberdi Muhammedowdyr. Ol Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde oba hojalyk önümçiligini alyp barmak ulgamyndaky ylmy oýlap tapyşlaryna Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçiligi boýunça döwlet gullugynyň iki patentini aldy.

“Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň habar bermegine görä, “Topragy we oba hojalyk ekinlerini ekologiki goşundylar bilen iýmitlendirmegiň utgaşykly usuly” atly patent topragyň hasyllylygyny dikeltmegiň we güýçlendirmegiň usulyny işläp taýýarlamagyny göz öňünde tutýar.

Taýýarlanan biogoşundy bilen gurplandyrylan toprak adaty usula görä has köp hasyl almaga mümkinçilik berýär hem-de topragyň mehaniki we himiki düzümini gowulandyrýar. Synagda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý däneleriniň dykyzlygy bilen, ondan alnan un bolsa hili bilen beýlekilerden tapawutlanýar.

Şeýle hem biogoşundy suwy tygşytlamaga mümkinçilik berýär, bu bolsa öz gezeginde önümçilik çykdajylaryny azaldýar. Biogoşundyda çig mal hökmünde seolitiň we bentonitiň mineral esasy ulanylýar. Şeýle hem bu goşundy şorlaşan topraga hem durnuklydyr.

Barlag işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ýewgeniý Barabaşow bilen Gökdepe etrabynda “Sahabatly” hojalyk jemgyýetiniň ýer böleklerinde geçirildi.

Şeýle hem synaglar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda “Ak suw” hojalygynyň pagta, raps ekilen meýdanlarynda hem-de üzümçiliklerinde ýaýbaňlandyryldy.

“Guşlaryň önüm birijiligini we ýokanç kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin iýmine goşulýan biogoşundy” atly ikinji patent guşçulyk pudagy üçin niýetlenendir. Ekologiýa taýdan arassa bu önüm öý guşlarynyň garyn-içege ýollarynyň kesellerine, şeýle hem beýleki kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmaga kömek berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026