HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkony rekordy bilen gutlady

Fewral 05, 2024 | 22:13 |6686
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, uçarman-kosmonawt, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko gutlag hatyny iberdi.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, uçarman-kosmonawt, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko gutlag hatyny iberdi.
Çeşme: habr.com

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, uçarman-kosmonawt, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko gutlag hatyny iberdi.

"Sizi uly üstünligiňiz — älem giňişliginde bolmagyň umumy wagty boýunça dünýä rekordyny gazanmagyňyz bilen döwlet Baştutanymyzyň we onuň üsti bilen Türkmenistanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan gutlaýaryn" diýlip hatda bellenýär.

"Biz Türkmenistanda gadymy türkmen topragynda doglan watandaşymyzyň görnükli älemi öwreniji bolandygyna, öz asylly işinde häzirki wagta çenli görlüp-eşidilmedik sepgitlere ýetendigine buýsanýarys. Ilkinji bolmak hemişe hormatlydyr, şol bir wagtda, ýeňil hem däldir. Sebäbi öňdebaryjy bolmak, ilkinji nobatda, jemgyýetiň, ýurduň, Siziň ýagdaýyňyzda bolsa bütin dünýäniň öňünde hem ýokary jogapkärçilikdir" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy Kononenkonyň kosmos rekordynyň Türkmenistanda, dünýäniň köp ýurtlarynda we halkara guramalarda şanly ýubileýiň — türkmen halkynyň beýik ogly, filosof, akyldar, şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda amala aşyrylandygynyň aýratyn manysyny bardygyny belledi. Türkmeniň nusgawy şahyry öz şygyrlarynda dost-doganlygy wasp edip, parahatçylyga, agzybirlige, raýdaşlyga çagyrdy, ylym-bilimiň möhüm ornuny belläp geçdi. Älem giňişligini öwrenmegiň, ony Ýer ýüzünde ýaşaýan ähli adamlaryň bähbidine parahatçylykly maksatlar bilen ulanmagyň esasynda hem hut şu garaýyşlar we gymmatlyklar durýar.

"Häzirki kosmos işiňizi tamamlanyňyzdan soňra, türkmen halky Sizi Magtymgulynyň şanly baýramçylygynda Türkmenistanda görmäge şat bolardy" diýlip, bellenilip, Oleg Kononenko berk jan saglyk, bagtyýarlyk, täze uly üstünlikler arzuw edildi.

Tamamlanmagy 23-nji sentýabra meýilleşdirilýän Oleg Kononenkonyň komandirligindäki şu gezekki missiýanyň netijesinde, kosmonawtyň amala aşyran 5 missiýasynyň dowamynda agramsyz giňişlikde geçiren wagty jemi 1110 güne barabar bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026