HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Minskde Türkmenistanyň we Türkiýäniň Belarusdaky ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Fewral 05, 2024 | 21:06 |10001
Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew Türkiýe Respublikasynyň Minskdäki täze ilçisi Güýçlü Jem Yşyk bilen duşuşdy. Duşuşyk duşenbe güni, 5-nji fewralda türkmen ilçihanasynyň binasynda türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew Türkiýe Respublikasynyň Minskdäki täze ilçisi Güýçlü Jem Yşyk bilen duşuşdy. Duşuşyk duşenbe güni, 5-nji fewralda türkmen ilçihanasynyň binasynda türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasy tarapyndan berlen

Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew Türkiýe Respublikasynyň Minskdäki täze ilçisi Güýçlü Jem Yşyk bilen duşuşdy. Duşuşyk duşenbe güni, 5-nji fewralda türkmen ilçihanasynyň binasynda türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

1.jpg

Taraplar söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda döwletara gatnaşyklarynyň ýokary depgindäki ösüşiniň, şeýle hem iki ýurduň umumy taryhyna, diline, dinine we medeniýetine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň, çeşmeleriniň we geljeginiň bardygy nygtaldy. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy habar berdi.

2.jpg

Nazarguly Şagulyýew türk kärdeşine 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen geçirilýändigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurtda we daşary ýurtlarda beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli çäreler geçirilýär.

Şeýle hem TÜRKSOÝ-yň çäginde 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň Änew şäheriniň şu ýyl türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip ykrar edilmegi barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň birnäçe çäreleri, şol sanda däp bolan çäreler geçiriler.

3.jpg

Duşuşygyň ahyrynda N.Şagulyýew myhmana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýaşlaryň ýurduň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyna gönükdirilen döwlet Baştutany tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatyna bagyşlanan “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabyny sowgat berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026