HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanda täze Hökümet düzümi emele getiriler

Fewral 05, 2024 | 18:20 |8146
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew häzirki Hökümetiň öz işini bes edýändigi baradaky Karary kabul etdi diýip, döwlet Baştutanynyň metbugat gullugy habar berdi. Bu Karary kabul etmegiň sebäpleri anyklaşdyrylmaýar.Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew häzirki Hökümetiň öz işini bes edýändigi baradaky Karary kabul etdi diýip, döwlet Baştutanynyň metbugat gullugy habar berdi. Bu Karary kabul etmegiň sebäpleri anyklaşdyrylmaýar.
Çeşme: wikipedia.org

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew häzirki Hökümetiň öz işini bes edýändigi baradaky Karary kabul etdi diýip, döwlet Baştutanynyň metbugat gullugy habar berdi. Bu Karary kabul etmegiň sebäpleri anyklaşdyrylmaýar.

"Gazagystan Respublikasynyň Konstitusiýasynyň 70-nji maddasyna laýyklykda, Gazagystan Respublikasynyň Hökümet düzüminiň işiniň bes etmegi barada Karar kabul edildi" diýlip habarda bellenýär.

Hökümetiň agzalary ýerine ýetiriji hökmünde öz işini wagtlaýyn dowam etdirer. Ozalky Alihan Smailowyň eýelän Premýer-ministr wezipesini birinji wise-premýer Roman Sklýar alyp barar.

“Tengrinews” neşiri Konstitusiýanyň 70-nji maddasynda Hökümetiň işini bes etmegi üçin birnäçe düzgünleriň bardygyny ýazýar. Maddanyň 7-nji bendinde Prezidentiň öz islegi boýunça Hökümetiň ygtyýarlyklaryny ýatyrmak we agzalarynyň haýsydyr birini işden aýyrmak kararyna gelip bilýändigi aýdylýar. Premýer-ministriň işden aýrylmagy tutuş Hökümetiň ygtyýarlyklarynyň ýatyrylmagyny aňladýar.

Hereket edýän kanunçylyga görä, täze Premýer-ministriň kandidaturasyny Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mažilisinde geçirilen soňky saýlawlarda ýeňiş gazanan partiýa döwlet baştutanyna hödürlär.

Mažilisde iň köp orny bolan partiýa hökmünde "Amanat" partiýasy Hökümet baştutany wezipesine dalaşgär saýlajak mejlis geçirmeli. Döwlet Baştutany Premýer-ministriň kandidaturasyny Mažlise garamak üçin tabşyrýar. Olar täze Hökümet ýolbaşçyny goldan ýagdaýlarynda Prezident täze Premýer-ministr bellär. Soň bolsa ministrlik kandidatlary tassyklamak üçin Mažilisiň degişli komitetlerine hödürlener.

Edil şunuň ýaly Hökümetiň işini bes etmegi bilen bagly waka 2023-nji ýylyň martynda geçirilen Mažilis saýlawlaryndan soň bolupdy. Soňra "Amanat" partiýasy Alihan Smailowy Hökümet başlygy wezipesine teklip etdi.

Çarşenbe güni, 7-nji fewralda Prezidentiň gatnaşmagynda Gazagystanyň Hökümetiniň giňişleýin ýygnagy geçiriler. Duşuşykda Respublikanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlener we bu ugurda mundan beýläkki hereketleriň meýilnamalary kesgitlener.

"Kazinform" habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, Smailowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet düzümi 2022-nji ýylda uly göwrümli ýyladyş problemalaryndan, dört sany mina heläkçiliginden we onlarça adamyň ölmeginden soň birnäçe gezek tankyt edilipdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026