Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistan Russiýadan gelýän syýahatçylaryň sanyny iki esse artdyrmagy meýilleşdirýär

Fewral 05, 2024 | 14:16 |5833
Özbegistanda 2024-nji ýylda syýahatçylaryň sanyny ýylda 1,46 milliona ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gol çeken Kararynyň esasynda mälim boldy diýip, «RIA Nowosti» habar berýär.Özbegistanda 2024-nji ýylda syýahatçylaryň sanyny ýylda 1,46 milliona ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gol çeken Kararynyň esasynda mälim boldy diýip, «RIA Nowosti» habar berýär.
Çeşme: Canva

Özbegistanda 2024-nji ýylda syýahatçylaryň sanyny ýylda 1,46 milliona ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gol çeken Kararynyň esasynda mälim boldy diýip, «RIA Nowosti» habar berýär.

Resmi maglumatlara görä, 2023-nji ýylda syýahatçy hökmünde Özbegistana gelen Russiýanyň raýatlarynyň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 25,8% artyp, 714,2 müň adama ýetdi.

2024-nji ýylda bolsa 9,96 million adama çenli (2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 1,5 esse köp) daşary ýurtly syýahatçylary çekmek boýunça çaklama görkezijileri kabul edildi. Şu ýyl Russiýadan 1,46 million adamy çekmek meýilleşdirilýär. Bu geçen ýylkydan iki esse köpdür.

Bu pikiri «Özbegistanyň Russiýadaky syýahatçylyk ýyly» maksatnamasynyň we Russiýanyň iri şäherlerindäki «Özbegistana syýahat et» mahabat çäresiniň kömegi bilen, şeýle hem syýahatçylyk operatorlary üçin ulaglar babatda arzanladyş ulgamynyň girizilmegi arkaly durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ozal Özbegistanyň Syýahatçylyk boýunça komiteti Russiýadan gelýän syýahatçylaryň sanynyň 2023-nji ýylda 800 müňe golaý boljakdygyny, 2025-nji ýyla çenli bolsa bir million adama ýetjekdigini çaklaýardy. Russiýa Özbegistanyň syýahatçylyk pudagynda strategiki hyzmatdaşy bolmagynda galýar. Russiýaly syýahatçylar Özbegistana baryp görmekde dördünji orny eýeleýärler, olardan öňdäki orunlarda gazagystanly, täjigistanly we gyrgyzystanly myhmanlar ýerleşýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026