HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýanyň iri market zynjyry türkmen bazaryna çykmak mümkinçiliklerini öwrenýär

Fewral 05, 2024 | 11:32 |8997
Häzirki wagtda “Wildberries” öz infrastrukturasyny Azerbaýjanda ýerleşdirýär we eýýäm Russiýada, Belarusda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Ermenistanda we Özbegistanda işjeň iş alyp barýar.Häzirki wagtda “Wildberries” öz infrastrukturasyny Azerbaýjanda ýerleşdirýär we eýýäm Russiýada, Belarusda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Ermenistanda we Özbegistanda işjeň iş alyp barýar.
Çeşme: mertech.ru

Russiýanyň iri market zynjyry “Wildberries” kompaniýasy türkmen bazaryna çykmak mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Tatýana Bakalçyk aýtdy diýip, “IXBT” habar berýär. Onuň sözlerine görä, kompaniýanyň ösüşini saklamak üçin onuň satuw çägini giňeltmek zerurdyr.

Türkmenistandan başga-da, Russiýa goňşy ýurtlar, şol sanda Täjigistan bazaryna çykmak boýunça hem gepleşikler geçirilýär. Häzirki wagtda “Wildberries” öz infrastrukturasyny Azerbaýjanda ýerleşdirýär we eýýäm Russiýada, Belarusda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Ermenistanda we Özbegistanda işjeň iş alyp barýar.

Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlaryndan daşary, Pars aýlagy döwletleriniň, esasan-da BAE bazaryna çykmak boýunça hem gepleşikler geçirilýär.

“Mysal üçin, maý aýynda Ýakyn Gündogaryň wekilleri gatnaşan “Russiýa - Yslam dünýäsi” forumynda köp sanly daşary ýurtly işewürler biziň bazarlarymyza gelmegimize gyzyklanma bildirdiler. Şeýlelikde, bu ýyl BAE we Aýlag ýurtlaryna çykmagy ýakyndan öwreneris. Biz eýýäm käbir ýurtlar bilen gepleşik geçirýäris" diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026