HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ŞHG-ä agza ýurtlar bilelikde Tehnoparklaryň bileleşigini dörederler

Fewral 05, 2024 | 12:54 |7152
Gazagystanyň sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagat ministri Bagdat Musin Almaty şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşine jogapkär ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçünji maslahatynda şeýle başlangyç bilen çykyş etdi.Gazagystanyň sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagat ministri Bagdat Musin Almaty şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşine jogapkär ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçünji maslahatynda şeýle başlangyç bilen çykyş etdi.
Çeşme: astanahub.com

Gazagystanyň sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagat ministri Bagdat Musin Almaty şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşine jogapkär ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçünji maslahatynda şeýle başlangyç bilen çykyş etdi.

Bu çäre «Digital Almaty 2024» forumynyň çäklerinde geçirildi diýip, Merkezi Aziýadaky IT başlangyç kompaniýalaryň (startap) iň iri halkara tehnoparky «Astana Hub» habar berýär.

Bileleşik innowasion ekoulgamy mundan beýläk-de ösdürmäge, başlangyç taslamalary we IT kompaniýalaryny hemmetaraplaýyn goldamaga ýardam berer.

Ministriň bellemegine görä, Bileleşigiň esasy maksady – başlangyç taslamalary alyşmakdan we Tehnoparklaryň tejribelerini paýlaşmakdan, başlangyç kompaniýalaryň bazarlara girmegine ýardam bermekden, umumy wençura gaznasyny döretmekden, bilelikdäki inkubasiýa we akselerasiýa maksatnamalary boýunça tälim bermekden, ŞHG-a agza ýurtlaryň tehnoparklarynda kabul edilýän çözgütleriň gerimini giňeltmekden ybaratdyr.

Şeýle hem Bagdat Musin, ŞHG-ni Russiýa – Gazagystan – Eýran ugry boýunça Hindi ummanyna çykalga bilen birikdirýän optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmagyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi. Bu bolsa, öz gezeginde, dünýäniň döwletleri bilen tehnologik arabaglanyşygy ösdürer.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar durnukly ösüş üçin maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň öňünde durýan kynçylyklary we onuň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, ŞHG-niň giňişliginde sanly deňsizligi aradan aýyrmak boýunça özara hyzmatdaşlygyň meýilnamalary barada pikir alyşdylar we bu ulgamdaky ählumumy ösüş meýilleri barada garaýyşlaryny paýlaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026