Küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiliginde medallaryň 18 toplumynyň eýeleri belli edildi


Aşgabadyň Küşt-şaşka mekdebinde Türkmenistanyň ýaş küştçüleriniň arasynda iň iri möçberdäki ýaryş tamamlandy. 8, 10 we 12 ýaş derejelerinde geçirilen Türkmenistanyň birinjiligine 6 - 12 ýaş aralygyndaky ýaş türgenleriň 310-sy gatnaşdy.
Birinjilik ugrundaky ýaryşlar küştüň üç - nusgawy, rapid we blis görnüşleri boýunça geçirildi hem-de olaryň ýeňijileri yglan edildi.
Öňki ýyllarda geçirilen bäsleşiklere garanda, bu gezekki ýaryşda ýaş küştçi oglan-gyzlaryň arasynda bäsdeşligiň artýandygy has aýan ýüze çykdy. Ýaryşy guraýjy Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, ýaryşa gatnaşýanlaryň sany barha artýar, şeýle hem täze çempionlaryň we medal gazanýanlaryň hatary barha artýar.

Medala eýe bolanlaryň arasynda Lebapdan, Marydan, Aşgabatdan we Daşoguzdan gelen ýaş küştçüler bar. Türkmenistanyň birinjligi ugrunda geçirilen ýaryşda iň köp medala eýe bolanlaryň sebit bölünişigi düzülende şeýle sanaw emele geldi:
Lebap welaýaty - 9 altyn, 7 kümüş, 9 bürünç (ähli berlen 54 medalyň ýarsyna golaýy, ýagny 25 medal)
Aşgabat şäheri - 4 altyn, 6 kümüş, 6 bürünç (jemi 16 medal)
Mary welaýaty - 4 altyn, 4 kümüş, 2 bürünç (jemi 10 medal)
Daşoguz welaýaty - 1 altyn, 1 kümüş, 1 bürünç (jemi 3 medal)

Ýaş küştçüleriň birnäçesi küştüň dürli görnüşlerinde duşuşyklary geçirip, bir däl-de birnäçe medallara eýe boldular:
Çaryhekim Çaryýew (Aşgabat) - 8 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda 1 altyn, 2 kümüş medal;
Halylmuhammet Çaryýew (Aşgabat) - 8 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda 1 altyn, 1 bürünç medal;
Aýlar Hemraýewa (Mary) - 8 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda 2 altyn medal;
Güneş Baýramowa (Lebap) - 8 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda 1 altyn, 1 kümüş, 1 bürünç medal;
Mahmyt Meredow (Aşgabat) - 10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda 1 altyn, 1 kümüş medal;
Nazar Narimanow (Lebap) - 10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda 1 altyn, 1 bürünç medal;
Aýýa Baýramowa (Lebap) - 10 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda 2 altyn, 1 kümüş medal;
Dünýä Ruslanowa (Lebap) - 10 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda 1 altyn, 2 kümüş medal;
Rauf Ýusupow (Mary) - 12 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda 1 altyn, 1 bürünç medal;
Alyhan Batyrow (Mary) - 12 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda 3 kümüş medal
Nebahat Myradowa (Lebap) - 12 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda 2 altyn, 1 kümüş medal
Nurhan Babanazarowa (Lebap) - 12 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda 1 altyn, 1 kümüş, 1 bürünç medal.

Küştüň nusgawy görnüşinde geçiriljek halkara ýaryşlarda şu türgenler ýurdumyzyň adyndan wekilçilik ederler:
Çaryhekim Çaryýew (Aşgabat) - 8 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda mümkin bolan 9 utugyň ählisini toplady;
Aýlar Hemraýewa (Mary) - 8 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda 9 utukdan 8-sini aldy;
Omarbek Ysmaýylow (Daşoguz) - 10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda 9 utukdan 8-sini aldy;
Aýýa Baýramowa (Lebap) - 10 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda 9 utukdan 8,5-syny aldy;
Rauf Ýusupow (Mary) - 12 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda 9 utukdan 7,5-yny aldy;
Nebahat Myradowa (Lebap) - 12 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda 9 utukdan 8-sini toplady.
Ýaş oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşlar örän özüne çekiji boldy. Bäsleşigiň ähli netijeleri bilen şu salgy arkaly tanşyp bilersiňiz.
Şu gün - 4-nji fewralda Aşgabatdaky Küşt-şaşka mekdebinde 14,16 we 18 ýaş derejesinde Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşlar badalga alýar.
ORIENT news








