HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Fatih Karahan Türkiýäniň Merkezi bankynyň ýolbaşçylygyna bellendi

Fewral 04, 2024 | 16:53 |4732
Türkiýäniň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Hafize Gaýe Erkan işinden aýrylýandygyny yglan edeninden soň, Fatih Karahan bu edaranyň ýolbaşçylygyna bellendi.Türkiýäniň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Hafize Gaýe Erkan işinden aýrylýandygyny yglan edeninden soň, Fatih Karahan bu edaranyň ýolbaşçylygyna bellendi.
Çeşme: onedio.com

Türkiýäniň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Hafize Gaýe Erkan işinden aýrylýandygyny yglan edeninden soň, Fatih Karahan bu edaranyň ýolbaşçylygyna bellendi.

«Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň karary bilen, Merkezi bankyň täze dolandyryjysy wezipesine Fatih Karahan bellendi» diýlip, Hökümetiň resmi neşir organy bolan «Resmi Gazete» gazetinde bellenilýär.

Fatih Karahan bankyň başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýärdi. Ol 2006-njy ýylda Bogaziçi uniwersitetiniň matematika we senagat inženerçiligi fakultetini tamamlady. Karahan 2012-nji ýylda Pensilwaniýa uniwersitetinde ykdysadyýet boýunça magistrlik we doktorlyk dissertasiýalaryny gorady. 2022-nji ýylda bolsa «Amazon» kompaniýasynda uly ykdysatçy bolup işe başlady.

Türkiýäniň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Hafize Gaýe Erkanyň wezipesinden aýrylmak kararyna gelendigi barada 2-nji fewralda mälim boldy. Ol Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogandan bu islegini makullamagyny haýyş etdi. Erkanyň wezipesinden gitmek baradaky karary şahsy sebäplere esaslanýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026