Türkmenistanyň ilçisi “Dar Al-sharq” Metbugat merkezi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdy


“Dar Al-sharq” Metbugat merkeziniň merkezi binasynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow “Dar Al-sharq” Metbugat merkeziniň” ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary “Al-sharq” gazetiniň baş redaktory Jaber Salem Al-Harmi bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurdyň arasynda alynyp barylýan köp ugurly hyzmatdaşlyklary ösdürmek, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara garnaşyklary mundan beýläk hem işjeňleşdirmek barada maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň alyp barýan Garaşsyz Baky Bitarap ýörelgeleri esasynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten belent sepgitleri we gazanylan medeni-taryhy, ykdysady we syýasy üstünlikleri şeýle hem mümkinçilikleri barada aýratyn bellenilip, iki ýurdyň arasynda we aýlag ýurtlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda alnyp barylýan syýasy, ykdysady we medenini ugurlardaky gatnaşyklary habar beriş serişdeleriniň üsti arkaly halk köpçüligine ýetirmekde iki ýurdyň uly mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy.
Bu babatda, “Dar Al-sharq” Metbugat merkeziniň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary “Al-sharq” gazetiniň baş redaktory Jaber Salem Al-Harmi ýokarda agzalan ugurlar boýunça türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy barada aýratyn belläp geçdi.
ORIENT news








