HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Kosmonawt Oleg Kononenko orbitada bolmak boýunça dünýä rekordyny täzeledi

Fewral 04, 2024 | 14:18 |7864
«Roskosmos» kosmonawtlar otrýadynyň serkerdesi Oleg Kononenko kosmosda geçiren wagty boýunça dünýä rekordyny goýdy.«Roskosmos» kosmonawtlar otrýadynyň serkerdesi Oleg Kononenko kosmosda geçiren wagty boýunça dünýä rekordyny goýdy.
Çeşme: tvc.ru

«Roskosmos» kosmonawtlar otrýadynyň serkerdesi Oleg Kononenko kosmosda geçiren wagty boýunça dünýä rekordyny goýdy.

“TASS-yň” habar bermegine görä, 4-nji fewralda Moskwa wagty bilen sagat 11:30:08-de Kononenko kosmonawt Gennadiý Padalkiniň (1998 – 2015-nji ýyllar aralygynda) amala aşyran 5 missiýasynyň dowamynda orbitada geçiren 878 gün 11 sagat 29 minut 48 sekunt wagt görkezijisinden öňe geçýär.

Kosmonawtlar otrýadynyň komandiri häzirki wagtda öz ömründe 5-nji kosmos uçuşyny amala aşyrýar. 5-nji iýunda Moskwa wagty bilen sagat 00:00:20-de, ol Ýeriň daşynda jemi 1 müň gije-gündizini geçiren ilkinji adam bolar. Şeýle hem şol aý Kononenko özüniň 60 ýaş toýuny bellär. Şu gezekki syýahatyny hem goşanyňda, ol jemi 1 110 gününi kosmosda geçiren adam bolar.

Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenabat şäherinde doguldy. Ol kosmosa ilkinji syýahatyny 2008-nji ýylyň aprelinde amala aşyrdy. Şondan soň, oňa Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany we uçarman-kosmonawty diýlen atlar berildi.

2019-njy ýylyň sentýabrynda bolsa, ol Türkmenistanyň Gahrymany boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026