Peläniň ýoly bilen: braziliýaly futbolçy ÝUNESKO-nyň hoşniýetli işleriniň ilçisi boldy


2-nji fewralda “Real Madrid” futbol klubynyň türgenleşik merkezinde geçirilen çärede ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azula braziliýaly futbolçy Winisius Žunior Guramanyň bilim meseleleri boýunça hoşniýetli ilçisi hökmünde yglan etdi.
BMG-niň habarlar web-saýtynyň mälim etmegine görä, Odri Azula 23 ýaşly hüjümçä bu ugurda gazanan üstünliklerini we Braziliýada deň bilimi ösdürmek ugrundaky üýtgewsiz ygrarlylygyny ykrar edip, iş hatyny gowşurdy.
Braziliýanyň milli ýygyndy toparynyň oýunçysynyň “diňe bir görnükli futbolçy bolman, eýsem bilime deň elýeterliligi höweslendirýän goldawçydygyny” aýtdy.
Şeýlelikde, ÝUNESKO-nyň taryhynda braziliýaly futbolçy ady rowaýata öwrülen Peleden soň ikinji hoşniýetli ilçi diýlip yglan edildi.
"Ol tutuş bir nesil üçin görelde bolup durýar we ÝUNESKO-nyň hoşniýetli ilçiler toparyna goşulandygyna buýsanýar" – diýip, Azula aýtdy.
2021-nji ýylda Winisius Žunior pes girdejili braziliýaly çagalaryň we ýetginjekleriň bilim ulgamyna gaýtadan goşulmagyna kömek etmegi maksat edinýän “Instituto Viní Jr.-ni” esaslandyrdy. Institut sportuň gymmatlyklaryny dürli derejeli okuwçylary geljekde bilim almaga ruhlandyrmakda peýdalanýar.
ÝUNESKO-nyň hemmeler üçin bilimi ösdürmek maksadyna laýyklykda, Winisius Žunior halkara konferensiýalarda çykyş etmekde, agza döwletler we jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk saklamakda we ÝUNESKO-nyň global bilim başlangyçlaryny goldamakda möhüm rol oýnar.
ÝUNESKO häzirki wagtda 250 million töweregi çaganyň we ýetginjekiň bilim almak mümkinçiliginiň ýokdugyny, bu görkezijiniň 2021-nji ýyldan bäri 6 million artandygyny habar berdi.
Mundan başga-da, 10 ýaşa çenli 10 çaganyň ýedisi esasy teksti okap we düşünip bilmeýär, bu mekdepden çykmagyň derejesiniň ýokarlanmagyna we bilim derejesiniň peselmegine sebäp bolýan sosial deňsizlige garşy göreşmegiň möhüm zerurlykdygyny görkezýär.
ORIENT news








