HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Owgan işewürleri Merkezi Aziýa önüm iberilişini artdyrmakçy

Fewral 03, 2024 | 23:49 |7741
Türkmenistandan import edilen harydyň pul hasabyndaky möçberi 417 million dollara, eksportyň möçberi hem 1 million dollara ýetýär.Türkmenistandan import edilen harydyň pul hasabyndaky möçberi 417 million dollara, eksportyň möçberi hem 1 million dollara ýetýär.
Çeşme: tolonews.com

Owganystanyň Senagat we söwda ministrligi geçen ýylda ýurduň Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 1,4 milliard dollara barabar önümleri import edendigini, munuň ýerine 100 million dollarlyk harydy eksport edendigini mälim etdi.

Türkmenistandan import edilen harydyň pul hasabyndaky möçberi 417 million dollara, eksportyň möçberi hem 1 million dollara ýetýär. Bu barada "TOLO" habarlar agentligi mälim edýär.

Habar berlişine görä, Özbegistandan importyň möçberi 214 million dollara, eksportyň möçberi bolsa 19 million dollara, Gazagystan bilen degişlilikde 189 million we 32 million dollara, Täjigistan bilen 20 million we 19 million dollara barabar boldy. Diňe Gyrgyzystan bilen ýagdaý üýtgedi: Owganystan 1 million dollarlyk haryt import etdi we ýerine 7 million dollarlyk harydy bu ýurda iberdi. Şeýle hem Owganystanyň Russiýadan 315 million dollarlyk önüm import edendigi we bu ýurda 4 million dollarlyk haryt eksport edendigi bellendi.

Umuman alanyňda, degişli döwürde bu ýurtlar bilen söwda dolanyşygynyň möçberi 1 milliard 481 million dollara de boldy. Şonuň 1 milliard 380 million dollary importa, 100 million dollary hem eksporta degişlidir. Owganystanyň eksport edýän harytlarynyň agramly bölegini ter miwe öümleri, guradylan ir-iýmişler, sogan, ýeralma, miwe suwlary we dermanlyk ösümlikleri düzýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, owganystanly işewürler öz önümlerini Aşgabatda guraljak sergide hem görkezmegi maksat edinýärler. Owganystanyň Söwda-maýa goýum palatasynda habar berlişine görä, bu sergi bir aýyň içinde guralar.

Owagnystanyň Senagat we söwda ministrliginiň mälim etmegine görä, geçen ýylda umumy bahasy 2 milliard dollara golaýlaýan önümler daşary ýurtlara eksport edilipdir. Eksport harytlarynyň esasy bölegi Hindistana, Pakistana, Hytaýa we Birleşen Arap Emirliklerine iberilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026