HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew GDA-nyň integrasiýa taslamalarynda Türkmenistanyň tutýan orny barada

Fewral 01, 2024 | 01:09 |12558
Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen dürli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew MIR teleýaýlymy bilen geçirilen eksklýuziw söhbetdeşliginde Arkalaşygyň giňişliginde integrasiýa taslamalarynda ýurduň roly barada gürrüň berdi.Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen dürli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew MIR teleýaýlymy bilen geçirilen eksklýuziw söhbetdeşliginde Arkalaşygyň giňişliginde integrasiýa taslamalarynda ýurduň roly barada gürrüň berdi.
Çeşme: mir24.tv

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen dürli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew MIR teleýaýlymy bilen geçirilen eksklýuziw söhbetdeşliginde Arkalaşygyň giňişliginde integrasiýa taslamalarynda ýurduň roly barada gürrüň berdi.

“Men, Türkmenistanyň GDA-daky orny, onuň integrasiýa taslamalaryna gatnaşmagy barada gürrüň bermäge döredilen mümkinçilik üçin örän şat. Sebäbi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde köplenç Türkmenistanyň bu ugurdaky roly barada dogry maglumatlar berilmeýändigini görýärin. Hatda wagtal-wagtal, Türkmenistanyň Arkalaşygyň agzasy däldigini we onuň işlerine gatnaşmaýandygyny aýdýan käbir iş başarnyksyz awtorlaram bar. Bu dogry däldir. Bu nädogry sözleri, ýalan maglumatlary ret etmek isleýärin"-diýip, söhbetdeşligiň başynda Lebedew düşündirdi. Aşakda biz söhbetdeşlikden bölekleri berýäris.

Assossirlenen agza derejesi barada

-Türkmenistan ähli integrasiýa taslamalaryna we gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýar. Ýöne bir aýratynlyk bar. 2005-nji ýylda GDA-nyň döwletleriniň ählisi Türkmenistanyň assossirlenen agzalygyny ykrar etdi. Näme üçin GDA-da beýle assosiirlenen agza statusy kabul edildi? Sebäbi Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasatyny yglan etdi. Bu ugur, bu ulgam, bu syýasat BMG tarapyndan kabul edilen bitarap döwletiň derejesi boýunça ykrar edildi. Bu, Türkmenistanyň biziň işlerimize gatnaşmagy boýunça öz aýratynlyklaryny goşýar - diýip, GDA-nyň Baş sekretary aýtdy.

Türkmenistan, adatça, harby hyzmatdaşlyga, käbir syýasy gatnaşyklara synçy hökmünde gatnaşýar, ynsanperwer we ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, bu ýerde Türkmenistan GDA-nyň beýleki ýurtlaryna garanyňda has işjeňdir. Türkmenistanyň ýolbaşçylary, ilkinji nobatda Prezidentleri, öňki Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow we häzirki Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Arkalaşygyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen köp başlangyçlary öňe sürdüler.

Türkmenistanda Arkalaşygyň çäreleri barada

-GDA-nyň çäklerinde Türkmenistanyň çäginde bolup geçen we bolup geçýän köp sanly çärä gatnaşyjy hökmünde men şeýle gatnaşyklaryň anyk mysallaryny getirmek isleýärin. Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna eýýäm birnäçe gezek başlyklyk etdi. Biziň käbir ýurtlarymyz dürli sebäplere görä, başlyk wezipesini ýerine ýetirmekden çekinýärler. Türkmenistan bu wezipäni arkaýynlyk bilen öz üstüne alýar we GDA-nyň çäklerinde iki gezek örän üstünlikli başlyklygy amala aşyrdy.

Aşgabatda we bu döwletiň beýleki şäherlerinde Türkmenistanyň başlyklygynyň çäginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, dostlugy berkitmäge we GDA döwletleriniň gatnaşyklarynda hoşniýetli goňşuçylyga goşant goşan köp möhüm çäreler geçirildi. Türkmenistanyň iki şäheri iki gezek GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Bular Daşoguz we Mary şäherleridir. Bu sebit merkezleriniň ikisinde-de köp sanly medeni çäreler geçirildi. Ol ýere, artistler, sungat, ylym, bilim işgärleri, we türgenler bardylar. Türkmenistanda uly forumlary we halkara maslahatlary geçirmek üçin ajaýyp ýerleriň döredilendigi üçin türkmen kärdeşlerime we Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna aýratyn minnetdarlyk bildiresim gelýär. Bu aýdylanlar ýöne gürrüň däldir. Meniň özüm diňe GDA-nyň çäginde däl, eýsem Aşgabatda we beýleki şäherlerinde geçirilen BMG-niň çäklerinde geçirilen köp sanly halkara maslahatlara gatnaşdym.

BMG we sebit ýurtlary bilen özara gatnaşyklar barada

-Birleşen Milletler Guramasyny aýratyn bellemek isleýärin, sebäbi Türkmenistanyň ýolbaşçylary onuň başlangyçlaryna, hereketlerine we BMG-daky agzalygyna aýratyn ähmiýet berýär. Döwletiň ýolbaşçylary BMG-niň Baş Assambleýasynda yzygiderli çykyş edýärler we diňe bir çykyş etmän, BMG-niň çäklerinde möhüm başlangyçlary hem öňe sürýärler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna berýän ähmiýetine esaslanyp, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi Aşgabatda ýerleşdirildi. Bu merkez 2007-nji ýylyň dekabrynda açyldy, maňa bu merkeziň açylyşyna gatnaşmak miýesser etdi we ol, Merkezi Aziýa bilen baglanyşykly köp sanly halkara işlerinde öz ornuny tapdy.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Aşgabatdaky Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi bilen ýakyndan işleşýändigini kanagatlanma bilen aýdasym gelýär. Men bu merkezde birnäçe gezek boldym. Merkeziň ýolbaşçylary, soňky ýyllarda onuň birnäçe ýolbaşçylary boldy, olar GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde hem boldylar. Ýaňy-ýakynda, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde Merkeziň häzirki ýolbaşçysy, Gruziýanyň wekili Kaha Imnadzeni kabul etdim.

Ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada

-Ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň çäginde Maryda we Daşoguzda “GDA-nyň medeni paýtagtlary” maksatnamalary durmuşa geçirildi. Aşgabatda GDA ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumy geçirildi, oňa medeniýet, bilim we Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Men hem bu forumyň işine gatnaşdym.

Türkmenistanyň çäginde örän ýokary derejede sport çäreleri bolup geçýär. Türkmenistanda mekdep sporty üçin gowy meýdança döredildi. Döwlet Dumanyň deputaty Irina Rodnina sport hyzmatdaşlygymyzyň bu ugruna ýolbaşçylyk etdi we Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň çakylygy boýunça mekdep okuwçylary bilen Awaza bardy. Bu Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky uly medeni we syýahatçylyk merkezidir. Türkmenistan GDA ýurtlarynyň ählisinden gatnaşan mekdep okuwçylaryny gowy garşy aldy we mekdep sportunyň ösmegine goşant goşdy.

Mundan başga-da, GDA-nyň çägindäki dürli sport çärelerinde türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyşlaryny belläsim gelýär. Geçen ýyl Arkalaşygyň sport oýunlary awgust aýynda Belarusda geçirildi we Türkmenistan ol ýerde ykjam wekiliýetini hödürledi. Türkmenistandan köp türgenler wekilçilik etdi, ýogsa-da, köp baýrakly orunlary eýeläp, medallary aldylar.

Ykdysady ugur barada

-Bu ýerde hem Türkmenistan işjeňdir. Türkmenistanyň başlangyjy bilen döwlet Baştutanlary 2019-njy ýylda Aşgabatda örän möhüm resminamany – GDA-na agza ýurtlaryň Strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Jarnamasyny kabul etdiler. Bu soňra kabul edilen "GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüş strategiýasy barada" başga bir möhüm resminama üçin esas hökmünde ulanyldy. GDA-nyň Ykdysady ösüş strategiýasy, Arkalaşygyň ýurtlarynyň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Jarnamasyndaky Türkmenistanyň tekliplerine esaslandy.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary ulag geçelgeleriniň ösüşine uly üns berýär. Türkmenistan örän amatly ýerde ýerleşen, üstaşyr döwletdir. Ulag ýollary demirgazykdan günorta, gündogardan günbatara geçýär. Türkmenistan ulag geçelgelerini ösdürmekde we kämilleşdirmekde inisiator we işjeň gatnaşyjydyr. Ol diňe bu başlangyjy däl, eýsem, bu ulag ýollaryny hem işjeň ösdürýär.

Magtymguly Pyragy hakynda

-2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen yglan edildi. Bu ýyl onuň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenýär. Bu möhüm senedir. Ilki bilen, men hem Merkezi Aziýada doglan adam hökmünde (Lebedew Özbegistanyň Jizzah şäherinde dogulýar, orta mekdebi hem şol ýerde gutarýar. – ORIENT-iň belligi) Magtymguly adynyň diňe Türkmenistanda, Merkezi Aziýada belli bolman, ol beýik şahyryň, ýazyjynyň, akyldaryň, filosofyň ady hökmünde bütin dünýäde tanalýandygyny aýtmak isleýärin. Öň köpler diňe onuň adyny bilýän bolsa, bu 300 ýyllyk ýubileý, adamlary onuň döredijiligi, poeziýasy we pikirleri bilen has ýakyndan tanyşdyrmak üçin hyzmat eder.

Özüm hem Magtymgulynyň maňa sowgat berlen goşgular kitabyna göz aýladym. Hakykatdan hem, köp eserler we goşgular pikirlenmäge mejbur edýär. Bular durmuş, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar hakdadyr, filosofiki oýlanmalardyr. Okamak gaty gyzykly we iň esasysy maglumat beriji. (...)

Men ýaňy Belarusdan gaýdyp geldim we şol ýerde, GDA ýurtlarynyň Hemişelik doly ygtyýarly wekilleriň geňeşiniň mejlisinde, şu şanly senä - Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan prezentasiýa hödürlendi. Ol Arkalaşygyň ýurtlarynyň ilçileri we tanyşdyrylyş dabarasyna gelen beýleki gatnaşyjylar tarapyndan gyzyklanma bilen kabul edildi. Meniň üçin bolsa, Arkalaşygyň ýurtlarynyň ilçileriniň bu ýubileýiň we ähmiýetli senäniň bellenilmeginde ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýýardyklary has möhümdir. Munuň diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem tutuş Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin hem möhümdigini ýene bir gezek belläsim gelýär. (...)

GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen geçirilen söhbetdeşlige şu salgyda mir24.tv tomaşa edip bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026