“PETRONAS” we “Türkmengaz” kenarýaka şäherçeleri üçin suw üpjünçiligi ulgamyny gurarlar


Şu gün, 31-nji ýanwarda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda Hazar deňziniň kenaryndaky Guwlymaýak we Gyýanly şäherçelerini arassa agyz suwy bilen üpjün etjek suw geçirijisini gurmak dabarasy geçirildi. “PETRONAS Çarigali” kompaniýasy bilen “Turkmengaz” döwlet konserniniň bu bilelikdäki durmuş maksatly taslamasy ýerli ilatyň suw üpjünçiligini ep-esli gowulandyrmak üçin amala aşyrylýar.

Deňiz suwuny süýjediji zawodyň golaýynda geçirilen bu dabara, halkara aktiwler boýunça wise-prezident Mark Fitzjeraldyň ýolbaşçylygyndaky “PETRONAS Çarigali” kompaniýasynyň wekilleri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky edarasy, Guwlymaýak we Gyýanly obalarynyň hormatly il ýaşululary bilen bilelikde “Türkmenbaşyagyzsuw” kärhanasynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

“Durmuş üçin suw” taslamasynyň çäginde bar bolan süýjediji zawoddan görkezilen obalara çenli 7 kilometrlik suw geçirijisiniň gurluşygy dabaraly ýagdaýda başlandy.

Bu bilelikdäki taslamanyň ähmiýeti diýseň uludyr. Korporatiw jemgyýetçilik jogapkärçiliginiň çäginde bu möhüm ýaşaýyş maksatly taslama durmuşa geçirilenden soň, müňden gowrak hojalyklar üçin ýaşaýyş çeşmesi bolan arassa agyz suwy elýeterli bolar.

Sagatda 65 kub metr suw üpjünçiligi ulgamynyň dizaýn kuwwaty iki şäherçäniň hem isleglerini kanagatlandyrar, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrar we hususy hojalyk jemgyýetleriniň hem ösmegine itergi berer. “Durmuş üçin suw” taslamasy deňiz suwuny süýjediji zawodda nasos stansiýasynyň, esasy suw geçirijisiniň, Gyýanly obasynda hersiniň göwrümi 200 m3 bolan iki sany suw howdanynyň we Guwlymaýak şäherçesinde, hersinde 400 m3 göwrümli iki sany suw howdanynyň gurluşygyny şeýle hem, iki ilatly nokatda giň suw üpjünçiligi ulgamyny öz içine alýar.

Kompaniýanyň belleýşi ýaly, “Petronas”-yň jemgyýetçilik başlangyçlarynyň hemmesi Türkmenistanyň hökümetiniň durmuş we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, şeýle hem bilim we saglygy goraýyş ugurlarynda durmuşa geçirilýän maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda amala aşyrylýar.

Halkara aktiwler boýunça wise-prezident Mark Fitzjerald, ýygnananlara ýüzlenip, “PETRONAS”-yň jemgyýetçilik maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde hemişe ygrarlydygyny, “Durmuş üçin suw” taslamasynyň soňkysy däldigini aýtdy. Türkmenistana amala aşyran ilkinji saparynda görkezilen myhmansöýerlige tüýs ýürekden hoşaldygyny we Gyýanly we Guvlymaýak şäherçeleriniň jemgyýetçilik wekillerine mähirli garşylandyklary we kompaniýa bildirilen hormat sözleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýerli jemgyýetiň hormatly il ýaşululary gurluşyk işlerine badalga berdiler we dabara gatnaşyjylar bilen suw geçirijiniň gurluşygyna başlandy. Milli tans toparynyň ýerine ýetiren “Küşt depdi” milli tansy bu çärä baýramçylyk ruhuny berdi.

Soňra gatnaşyjylaryň hemmesi 2023-nji ýylda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen bilelikde kompaniýa tarapyndan durky täzelenen Gyýanly obasyndaky 7-nji mekdebe ugradylar.
PETRONAS-yň wise-prezidentiniň saparynyň ýadygärligi hökmünde, kompaniýanyň wekilleri Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri bilen taraplaryň özara hormatynyň we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň nyşany hökmünde bag nahallaryny oturtdylar.

ORIENT news








